25.06.2026
4707
Medeniýet hepdeligi — 2026: dördünji gün
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli dowam edýär. Giň gerimli forumyň dördünji güni hem medeni ähmiýetli çärelere baý bolup, olaryň guramaçylykly geçirilmegi hepdeligiň esasy maksadyna laýyk gelýär.
25.06.2026
2405
Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa + Koreýa» platformasynyň üçünji analitikler forumy geçirilýär
Şu günlerde Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa + Koreýa Respublikasy» platformasynyň çäginde sebitiň ekspertleriniň we analitikleriniň nobatdaky maslahaty geçirilýär.
25.06.2026
5190
Tomus möwsümi üçin täze dokma önümleri
Tomus möwsümine laýyklykda ýurdumyzdaky dokma kärhanalary häzirki zaman ösüşini we ýokary rahatlylygy utgaşdyrýan täze egin-eşik hem-de öý hojalyk önümlerini öndürdiler.
25.06.2026
4818
Türkmenistanyň we Finlýandiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti özara düşünişme barada Finlýandiýanyň HAUS Döwlet dolandyryş instituty hem-de Laurea Amaly ylymlar uniwersiteti bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşdy.
25.06.2026
4577
Türkmenistan Liwerpulda geçirilen «CDIO 2026» halkara maslahatynda wekilçilik etdi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti Beýik Britaniýanyň Liwerpul uniwersitetinde 22 – 25-nji iýun aralygynda geçen «CDIO 2026» atly XXII halkara maslahatyna gatnaşdy.
25.06.2026
3399
Tokioda "Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna" atly ýubileý medalyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Tokioda Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo "Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna" atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurmak dabarasy geçirildi.
25.06.2026
3738
Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy
2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäheriniň Hytaý Kommunistik Partiýasynyň Hubeý welaýat Komitetiniň Sekretary jenap Guan Çžio – açyklygyň içerki merkezi we strategik öwrülme” diýen simwoliki at bilen amala aşyrylan giň gerimli tanyşlyk saparynyň çäklerinde gelen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de ŞHG ýaly öňdebaryjy halkara guramalaryň bilermenleriniň wekiliýeti bilen resmi duşuşyk geçirdi.
25.06.2026
3473
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi
2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
25.06.2026
3729
Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň rowaç menzilleri
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň «Ýeňiş» kitaphana şahamçasy bilen Bagyr medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň rowaç menzilleri» atly çäre hem-de kitap sergisi geçirildi.
25.06.2026
7140
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara Sloweniýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.