05.12.2021
4962
Sahnada «Nadaranyň nogtalanyşy»
Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda W.Şekspiriň «Nadaranyň nogtalanyşy» atly komediýasy sahnalaşdyryldy. Ýakynda onuň ilkinji görkezliş dabarasy bolup, oňa gatnaşan belli teatr we döredijilik işgärleri sahna oýnunyň şowly çykandygyny bellediler.
05.12.2021
5413
Bütindünýä söwda guramasynyň çäklerinde meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
Milli kanunçylygy Bütindünýä söwda guramasynyň (World Trade Organization – WTO) talaplaryna laýyk taýýarlamakda öňdebaryjy tejribeler Aşgabatda geçirilen halkara onlaýn-seminaryň esasy temasy boldy.
05.12.2021
17001
Talhatan Baba metjidi seljuk binagärliginiň ajaýyp eseridir
Köne Merwden otuz kilometr daşlykda Talhatan obasynyň çäginde Talhatan Baba metjidi ýerleşýär. Merkezi Aziýa binagärliginiň bu ajaýyp ýadygärligi XI asyryň ahyrynda bina edilipdir.
05.12.2021
5632
Türkmenistanyň wekiliýeti YHHG-niň agza-döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde ÝHHG-niň agza-döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisi, ÝHHG-niň häzirki başlygy, Şwesiýanyň Daşary işler ministri A.Lindeniň baştutanlygynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
04.12.2021
5232
Hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän baýramlaryň ýokary derede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyly mynasyp garşylamaga bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň we çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
04.12.2021
4384
Giň gerimli iş üpjünçiligi boýunça seminar geçirildi
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) ýurt boýunça edarasy milli hyzmatdaşlary bilen bilelikde 3-nji dekabrda, Halkara maýyplar gününde Türkmenistanda maýyplary iş bilen üpjün etmek meselesine bagyşlanan onlaýn seminar geçirdi. Bu çäre BMGÖM tarapyndan Türkmenistanda ýurduň Körler we kerler jemgyýeti bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda maýyplar üçin amatly iş: bilim almak we mynasyp iş tapmak mümkinçiligi üçin, jemgyýetçilik kärhanalaryny özgertmek» taslamasynyň çäginde guraldy.
04.12.2021
11371
Türkmenistan we Hindistan taryhy gatnaşyklary kämilleşýär
Döwlet Baştutanymyz hormatly myhman hökmünde geljek ýylyň ýanwar aýynda Hindistan güni baýramyna we «Hindistan – Merkezi Aziýa» ýokary derejeli sammitine çagyryldy. 2022-nji, ýubileý ýyly Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy we Hindistan döwletiniň garaşsyzlygynyň 75 ýyllygy bilen bellener. Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň ýollan hatynda Hindistan bilen Türkmenistany birek-birek bilen däbe öwrülen ysnyşykly taryhy we medeni gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygy bellenilýär.
04.12.2021
14679
Ýöriteleşdirilen iňlis dili: talyplaryň taýýarlyk derejesi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň gurnan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ýöriteleşdirilen iňlis dili boýunça Onlaýn-olimpiadanyň jemi jemlendi.
04.12.2021
7593
«Altyn asyr» çempionlyga tarap ýene bir ädim ätdi
Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary çempionata tarap ýene bir ädim ädip, onuň yzyndan ýetip gelýän «Ahal» bilen arany 5 utuk artdyrdy.
04.12.2021
8526
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň 11 aýynda 6 göterimden geçdi
2021-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda eziz Diýarymyzyň jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Öndürilen önümleriň mukdary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer S.Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.