mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw

16.11.2021

total-veiw

11594

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Karz ylalaşygyň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda çykaran 1515-nji Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakyndaky Karz ylalaşygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna ýokarda agzalan ylalaşygyň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.

16.11.2021

total-veiw

10732

«Türkmengaz» döwlet konsernine maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak hem-de “Türkmengaz” döwlet konsernini zerur bolan maddy-tehniki enjamlar we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “Auguste International F.Z.E” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

16.11.2021

total-veiw

11298

«Eziz doganlar» HJ Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyny gurar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümlerini öndürýän pudaklarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak hem-de “Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 1676-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 3 300 000 inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 000 sany sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Eziz doganlar” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany daşarky eltiji demir we awtomobil ýollaryny, elektrik, aragatnaşyk, gaz we suw üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

news-photo

16.11.2021

total-veiw

3711

Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi

Şu gün Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň, şeýle-de onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň jemlerine hem-de 28-nji noýabrda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere bagyşlandy.

news-photo

16.11.2021

total-veiw

4728

Eziz Diýarymyzda Bütindünýä telekeçilik hepdeligi

Şu ýylyň 8-nji noýabrynda başlanan Bütindünýä telekeçilik hepdesi (BTH) 180 ýurtdan telekeçilik ekosistemasyna gatnaşyjylary ýylda bir gezek bir ýere jemleýän halkara çäredir.

news-photo

16.11.2021

total-veiw

8535

Türkmen wokalynyň öçmez ýyldyzy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Hummaýewe bagyşlanan konsert boldy, 10-njy noýabrda onuň doglan gününe 100 ýyl dolardy. Bu ýerde türkmeniň hoş owazly bagşysy barada ýazylan makalalaryň sergisi goýlupdyr.

news-photo

16.11.2021

total-veiw

9196

Türkmenistan «Hazar nebit-gaz memorandumynyň» täze sanynda

Hazarýaka ýurtlaryň nebit-gaz pudagyndaky möhüm ähmiýetli wakalary barada gürrüň berýän «Hazar nebit-gaz memorandumynyň» 14-njy noýabrdaky sanynda türkmen tematikasyna saldamly ýer berlipdir.

news-photo

16.11.2021

total-veiw

6785

Eziz Diýarymyzda ýaş hukukçylar üçin okuwlar ýola goýuldy

Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Bilim ministrligi we Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guralan Halkara maýa goýumy arbitražy boýunça ýurdumyzda ýörite okuwlar başlandy.

news-photo

16.11.2021

total-veiw

6599

«Ahal» Türkmenistanyň futbol çempionatynda öňdeligi saklap gelýär

Milli futbol çempionatynyň öňbaşçysy «Ahal» 6-njy tapgyrda öz meýdançasynda oýnanda, «Aşgabat» toparyny 3:1 hasabynda ýeňip, beýlekilerden öňe saýlandy.

news-photo

16.11.2021

total-veiw

4850

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.

...3345