24.10.2025
2743
Durnukly ösüş maksatlary barada hasabatlylyk ‒ hünärmenleriň üns merkezinde
Şu ýylyň 21 – 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň hasabatlylygy boýunça duşuşyk geçirildi. Ara alyp maslahatlaşmanyň barşynda durmuş-ykdysady, ekologiýa, hukuk we ýer ulanyş meseleleri gozgaldy.
24.10.2025
2600
«CARAVAN» taslamasy metbugat sowatlylygy we emeli aňy ulanmak edebi boýunça okuw maslahatyny geçirdi
21 ‒ 24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen «Mazmun döredijiler üçin metbugat sowatlylygyny we emeli aňyň integrasiýasyny ýokarlandyrmak» atly üç günlük okuw maslahaty geçirildi. «CARAVAN» metbugat taslamasynyň çäginde guralan depginli okuw maslahaty täze başlan žurnalistlere maglumatlary barlamagy, hekaýat beýan etmegi we emeli aň (EA) gurallaryny edepli ulanmagy öwretmäge gönükdirilendir.
24.10.2025
2079
Özbegistan türkmen operatorlaryna serhedaşa syýahatçylyk ugurlaryny döretmegi teklip etdi
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda goňşy ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmaga we bu ugurdaky bilelikdäki işlere bagyşlanan mowzuky brifing geçirildi. Ilçi Rawşanbek Alimow Özbegistanyň syýahatçylyk pudagynyň häzirki gazananlary barada gürrüň berdi we türkmen syýahatçylyk operatorlaryny işjeň hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.
24.10.2025
3833
Türkmenistanyň lukmançylyk ýokary okuw mekdebi Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň assosiasiýasyna kabul edildi
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň assosiasiýasynyň resmi taýdan täze agzalygyna saýlandy.
24.10.2025
5302
Türkmen alabaýynyň baýramy Balkan topragynda uludan toýlanylýar
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tutuş Diýarymyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem dürli täsirli çärelerdir dabaralar ýabaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň biri Günbatar sebitiň merkezi Balkanabat şäherinde, Uly Balkan dagynyň eteginde ýerleşýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Balkan welaýat merkeziniň öňünde ýokary derejede guraldy.
24.10.2025
4432
Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
24.10.2025
4387
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
23.10.2025
4330
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
23.10.2025
4914
Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara tagallalara 80 ýyl
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi.
23.10.2025
3990
Türkmenistan ABŞ-nyň Montana uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Billingsde Montana ştatynyň Döwlet uniwersitetine (Montana State University Billings) baryp gördüler.