17.10.2025
4785
Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaý şäherinde geçirilen «GITEX Global 2025» çäresine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 13-16 oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdi Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Telekommunikasiýalary we sanly hökümeti düzgünleşdiriş edarasynyň (TDRA) çakylygy boýunça «GITEX Global 2025» halkara tehnologiýalar sergisine we maslahatyna gatnaşmak üçin Dubaý şäherinde saparda boldy.
17.10.2025
2187
Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda iş duşuşyklary geçirildi
2025-nji ýylyň 13–17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriň bilermenleriniň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça bäştaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi.
17.10.2025
4055
Aşgabatda halkara fleşmob çäresi geçirildi
Fransiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz institutynda şatlykly fleşmob çäresi geçirildi. Bu ýyl bu halkara çärä 130 ýurt gatnaşýar, şolaryň biri-de biziň ýurdumyzdyr.
17.10.2025
2986
Aşgabatda geçiriljek medeni çäreler we görkeziljek sahna oýunlary
Bu hepde tolgundyryjy wakalardan doly geçdi, olaryň iň esasysy bolsa Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradowyň ussahanasynda onuň dürli ýyllarda döreden eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Şu umumy synda başga nähili medeni çäreleriň geçirilýändigini we haýsy sahna oýunlarynyň sahnalaşdyrylýandygy barada aýdýarys.
17.10.2025
4042
Türkmenistanyň Ilçisi Efiopiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Addis-Abeba şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) M.Işangulyýewiň Efiopiýanyň Prezidenti Taýe Atske Selassiýe ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.
17.10.2025
5904
Tebigy gazyň eksport ugry barha ýokarlanýar
Tebigy baýlyklaryň ägirt uly goruny özünde jemleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda bar bolan çig maly gaýtadan işlemek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna gönükdirmek, şeýle hem işlenen önümiň eksport ugruny artdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
17.10.2025
3965
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi.
16.10.2025
5196
Türkmenistan ynsanperwer gün tertibi boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegi maksat edinýär
Ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
16.10.2025
5167
Arkadag şäherine täze halkara sylag gowşuryldy
Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalynyň gowşurylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan bu şäheriň innowasion ösüş babatda gazananlarynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy.
16.10.2025
5170
Aşgabatda «Türkmen alabaýy» atly döredijilik bäsleşik sergisi geçirilýär
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda «Türkmen alabaýy» atly döredijilik bäsleşik sergisi işläp başlady.