20.02.2021
27938
Garagum derýasynyň täze keşbi
Indi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri ýurdumyzyň esasy gidrotehniki desgasynda emeli derýanyň geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Derýanyň aýagynda, Bereket şäheriniň töwereginde ýene bir suw howdany gurulýar. 18 million kub metre çenli suw saklamaga niýetlenen emeli howdan suwdan doldurylmaga taýýarlanylýar.
19.02.2021
4143
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
19.02.2021
4531
Resmi habarlar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini durnukly saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
18.02.2021
3469
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Şu gün Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda baradaky ýörite wekili hanym Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekilleri bilen söwda-ykdysady meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.
18.02.2021
4379
Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.
18.02.2021
6131
Ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat
Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanylyp, “Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi” atly ylmy maslahat geçirildi.
17.02.2021
5808
Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan sergi
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzda 18-nji fewralda bellenilýän Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününiň öň ýanynda Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi guraldy.
17.02.2021
4921
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy
Şu gün “Bagtyýar zaman” obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy – ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.
17.02.2021
6404
Mekdepde ekologiýa baýramy -- Durnalar güni bellenildi
Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň 30-njy mekdebinde tebigaty goramak guramalarynyň nyşany bolan dünýäde iň ajaýyp guşlaryň biri Durnalar güni mynasybetli ekologiýa baýramy geçirildi. Bu waka gabatlanyp bu guşlaryň görnüşleriniň biri çal durnanyň Amyderýa jülgesinde we Lebap welaýatynyň günortasyndaky oňa golaý ýerlerde gyşlaýan döwri saýlanyldy.
17.02.2021
3417
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde meşhur koreý alymlarynyň, professorlarynyň, ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, şonuň ýaly-da, paýtagtymyzyň lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn teleköpri görnüşinde saglygy goraýyş boýunça II türkmen-koreý maslahaty geçirildi.