mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan sergi

view-icon 1362

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzda 18-nji fewralda bellenilýän Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününiň öň ýanynda Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi guraldy.

Sergide sungatda yz galdyran tanymal türkmen žiwopisçileriniň, şeýle hem işlerinde zehini ýüze çykýan döwürdeşlerimiziň suratlary bar.

Institutyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusubowa sergä gelenlere ýüzlenip, geljekde halkara derejesinde işlemeli hünärmenleriň ýurdumyzyň žiwopis sungatyna düşünmeginiň wajyplygyny belledi, çünki beýleki ýurtlarda diplomatik wekilhanalarda işlänlerinde islendik milli medeniýetiň bir bölegi bolan žiwopis eserleriniň sergisi ýaly giň ýaýran ýagdaýa hökman duş gelerler.

Göçme sergi türkmen žiwopisiniň ägirdi – Türkmenistanyň halk nakgaşy Aýhan Hajyýewiň Garagum kanalyny gurujylara bagyşlanan suraty bilen açylýar. Surat birbada iki temany – çöl üstünden ägirt uly kanal gurluşygy we gurluşykçylaryň edermenligi temasyny beýan edýär. Özi-de nakgaş birinji orna adamlary çykarypdyr. Suratyň gahrymany türkmen gyzyna mahsus häsiýetde uýaljyrap ýigide günortanlyk nahar äberýär, ol jöwzaly Gün astynda zähmet çekýän bolsa-da, onuň hyýaly ak öýde owadan gelniniň ýanynda. Ine, çöl hem işikden garap dur -- ol öz ýerini edermen we erjel kanal gurluşyklaryna bermejek bolýar. Ýöne adam öz öňünde goýan maksadyna, näme bolsa-da, ýetdi.

Şu gahrymanlyk äheňli gürrüňdenem Türkmenistan hakda söhbet başlandy.

--Göçme sergä biz «Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyň şygaryna bagyşlanan muzeý sergisinden saýlap aldyk – diýip Şekillendiriş sungaty muzeýiniň wekili Jennet Seýitnyýazowa gürrüň berýär. –Serginiň esasy temasy – aňyrdan gelýän ruhy ýörelgelere eýerýän türkmen halkynyň parahat döredijikli zähmeti barada söhbetdir. Biz bu çäre bilen birbada hem geljekki diplomatlary hünär baýramy bilen gutlaýarys hemem ýylyň şygaryndan gelip çykýan çärä başlaýarys.

Dutar – diňe bir türkmeniň milli saz guraly bolman, eýsem ol milletiň köňlüdirem. Žiwopis ussady—Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýewgeniýa Adamowanyň işleriniň ikisi -- «Dutar hakda söhbet» we «Dogduk toprakda» atly suratlary dutara bagyşlanypdyr.

Zehinli döwürdeşimiz Rahman Umarow «Bagşy» atly eserinde Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarownyň suratyny çekipdir. Onda görk-görmekli ýaş gelin hoşzyban aýdymlary bilen diňleýjileri özüne bendi edýär.

Sergide Hezret Rejebowyň hem iki işi goýlupdyr. Olaryň birinde -- «Ýygymçylar» atly suratynda nakgaş öz arasynda degşip-gülşüp pagta ýygýan zenanlary şekillendiripdir. Ak-ýaşyl atyzyň türkmen zenanlarynyň dürli reňkli lybaslary bilen utgaşygy gül çemenini ýada salýar.

Nakgaş beýleki «Awçylar» atly işinde köpi gören iki awçynyň gyzygan söhbedini beýan edýär. Elguşly aw bireýýäm aw etmekden ötri gyzykly pişä öwrüldi, şeýle bolsa-da, ol häli-häzire çenli öz gyzygyny ýitirmän gelýär. Hezret Rejebowyň suratynda awy ýürekden halaýn iki kişi şekillendirilipdir.

Serginiň merkezinde bezegli tabaklaryň altysy goýlupdyr, olaryň awtory – höwesjeň nakgaş Gulýa Gurbanowa öz eserleri bilen sergä gelenleri ýene-de haýran etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary her bir eksponata siňňin syn edip, ajaýyplyk bilen tanyşlykdan lezzet aldylar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi diplomatik wekilhanalaryň geljekki işgärleri üçin göçme sergini guramak başlangyjy bilen çykyş etdi.

Tamara GLAZUNOWA

Surata düşüren: Süleýman ÇARYÝEW