05.11.2025
7148
2025-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» we halkara hyzmatdaşlyk syýasaty Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen aýda geçirilen köpugurly çäreler — işewürlik duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, gepleşiklerdir maslahatlar ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
05.11.2025
4901
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
05.11.2025
4054
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisindäki çykyşy
Biz şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirýäris. Mejlisiň dowamynda biz gaznanyň işini mundan beýläk hem kämilleşdirmek bilen bagly soraglara serederis.
05.11.2025
4027
Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplaryny Türkiýe Respublikasy Prezidentiniň Milli kitaphanasynyň gaznasyna sowgat bermek dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplarynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumyndaky Prezident Milli kitaphanasynyň gaznasyna sowgat berilmegine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
05.11.2025
3111
Türkmenistanyň ilçisiniň Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň ylalaşyk we raýat deňhukuklylygy meseleleri boýunça Döwlet ministri T.Ahwlediani bilen duşuşygy boldy.
05.11.2025
4720
Mikele Pulpito: Türkmenistandaky ýaly ýokary tehnologiýaly keramiki önümler kärhanasy hatda Italiýada-da ýok
Häzirki ýylyň ýazynda Garaşsyz Türkmenistanyň ýokary depginler bilen ösýän ykdysadyýeti üçin ähmiýetli waka boldy.
05.11.2025
4077
Türkmenistanly sazandalar «Dutaryň owazy» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda
3-nji noýabrda Moskwada, Russiýanyň Sungat akademiýasynyň Zurab Sereteli adyndaky Sungatlar galereýasynda Nury Halmämmedow adyndaky IX Moskwa halkara «Dutaryň owazlary» sungat festiwalynyň bir hepdelik bäsleşigini jemlän gala-konserti boldy.
05.11.2025
5218
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 2025-nji ýyl üçin jemleýji tapgyry başlandy
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 2025-nji ýyl üçin jemleýji tapgyry 17-nji tapgyryň oýunlary bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda başlandy.
05.11.2025
5562
Awazada «CIET 2025» tamamlandy: innowasiýalar, maýa goýumlar we Türkmenistanyň geljegine ynam
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurduň gazananlarynyň we halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli utgaşdyrylmagynyň aýdyň mysaly bolan «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudagynyň ösüşi» atly halkara maslahat we sergi («CIET 2025») öz işini tamamlady.
05.11.2025
5203
Mary welaýatynda gün energiýasy bilen işleýän suw basyşyny göterýän desga oturdyldy
Murgap jülgesinde 150 metrden gowrak çuňlukdaky guýudan suw çykarýan nasosy elektrik energiýasy bilen üpjün etjek gün elektrik desgasy ulanmaga tabşyryldy. Täzelenýän energiýa çeşmesiniň bu guýa birikdirilmegi GIZ-iň maliýe goldawy netijesinde amala aşyryldy. Enjamyň gurnama we sazlama işlerini «Gerçek gala» we «Täze energiýa» kompaniýalarynyň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.