06.11.2025
3908
Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň «Türkmennebit» Döwlet konserniniň başlygy G.Agajanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylyň 3-6-njy noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen «Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference» (ADIPEC-2025) halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy.
06.11.2025
3920
Türkmenistanyň DIM-de CARIСC-iň direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat beriş utgaşdyryş merkeziniň (CARIСС) direktory Mahmut Hamidowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
06.11.2025
3427
Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Adalat we Galkynyş partiýasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Adalat we Galkynyş Partiýasynyň (AK Parti) Başlygynyň orunbasary Kürşat Zorluň arasynda duşuşyk geçirildi.
06.11.2025
3501
«C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagy mynasybetli ýubileý kabul edişlik
2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Waşington şäherinde, ABŞ-niň Döwlet departamentiniň binasynda «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagynyň ýubileý duşuşyklaryna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi.
06.11.2025
5754
First Global Challenge 2025: mekdep okuwçylarymyz birinji orna mynasyp boldular
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary 29-njy oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Panama Respublikasynda geçirilen «Robotlaryň Olimpiadasynda» üstünlikli çykyş etdiler.
06.11.2025
3126
Hajy Atakgaýewiň işleri köpdürli hem-de gyzykly
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Hajy Atakgaýewiň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli şahsy sergisi geçirilýär. Nakgaş sergide 100-den gowrak işini goýupdyr, olaryň köpüsi haşam we çeper eserler üçin çekilen suratlardyr.
06.11.2025
3874
Türkmenistanyň alymlary tebigy serişdeleriň ýagdaýyna gözegçilik ulgamyny gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleri maslahatlaşdylar
Ýakynda Aşgabat şäherinde oba, tokaý hojalygynda we beýleki ýer ulanyş görnüşlerindäki monitoring ulgamyny kämilleşdirmegiň öňünden teklip edilen konsepsiýasyny, modelini we «ýol kartasynyň» taslamasyny tassyklaýjy maslahat geçirildi.
06.11.2025
3596
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara maslahata gatnaşmaga çagyrýar
28-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljegi uly ugurlary» atly II halkara ylmy-amaly maslahat geçirer.
06.11.2025
5306
Bahreýnde geçirilen Aziýa ýaşlar oýunlarynda türkmen türgenleri alty medal gazandylar
Bahreýnde 10 günüň dowamynda geçirilen üçünji Aziýa ýaşlar oýunlarynda türkmen türgenleri bir altyn, bir kümüş we dört bürünç medal gazandylar.
05.11.2025
7148
2025-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» we halkara hyzmatdaşlyk syýasaty Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen aýda geçirilen köpugurly çäreler — işewürlik duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, gepleşiklerdir maslahatlar ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.