25.07.2025
5166
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
25.07.2025
4795
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
25.07.2025
15323
Hormatly Prezidentimiz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi
Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi.
25.07.2025
12660
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibi tassyklanyldy
Milli taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek maksady bilen, şeýle hem “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
25.07.2025
3621
Türkmenistanyň HHR-daky Ilçisiniň Hytaýyň Halkara söwda goldaw bermek boýunça geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Ilçisi bilen Hytaýyň Halkara söwda goldaw bermek boýunça geňeşiniň (CCPIT) Başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy boldy.
25.07.2025
5553
ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna kitaplary sowgat berdi
24-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda açylan türkmen-amerikan kitap ýarmarkasynda bilim, medeniýet we iňlis dilini öwrenmek boýunça kitaplar görkezildi.
25.07.2025
8580
Orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan 12-nji synp okuwçylary üçin okuw kitaplary neşir edildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň rus dilinde okadylýan 12-nji synp okuwçylary üçin täze okuw kitaplary çap edildi.
25.07.2025
3284
Altaýda geçirilen ekoforumyň maksady gar gaplaňyny gorap saklamaga gönükdirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti 24 – 26-njy iýul aralygynda Altaý Respublikasynyň dolandyryş merkezi bolan Gorno-Altaýsk şäheriniň golaýyndaky «Manjerok» dag lyža dynç alyş merkeziniň çäginde geçirilýän halkara daşky gurşaw konferensiýasyna gatnaşýar.
25.07.2025
3959
Ýokary hilli ideg – bol hasylyň girewi
Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary şu oba hojalyk ýylynda 130 müň gektar ýere gowaça ekip, ondan bol pagta hasylyny almaklygy meýilleşdirýärler.
25.07.2025
3964
Bereketli bakjaçylar ilatymyzy tebigy taýdan arassa, ýokary hilli önümler bilen üpjün edýärler
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip beren döwrebap şertleridir mümkinçilikleri netijesinde kärendeçi daýhanlar.