27.10.2026
4400
Bitarap Türkmenistanyň strategiýasy: parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we ösüş
Geçen hepde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatyň yzygiderliligini şöhlelendirýän birnäçe wakalara beslendi.
27.10.2026
3334
«Türkmen arhiwi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşir edilýän hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan türkmen we rus dillerinde çap edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň 26-njy sany çapdan çykdy.
27.10.2026
2403
Aşgabatda Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Şu gün, 27-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Hazar deňzi institutynda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady.
27.10.2026
3465
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti – «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisiniň we maslahatynyň esasy hyzmatdaşy
Şu ýylyň 3 – 5-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisi we maslahaty («CIET 2026») geçiriler.
27.10.2026
3076
Ekologiýa boýunça V Açyk halkara internet-olimpiadasy geçiriler
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ekologiýa boýunça V Açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.
27.10.2026
2722
Döwrüň talabyndan ugur alyp
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyny üstünlikli özgertmek dowam etdirilýär.
27.10.2026
2081
Amerikan bilermeni Aşgabatda muzeý mirasyny sanlylaşdyrmak boýunça okuw maslahatlaryny geçirýär
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde ABŞ-nyň Wirjiniýa uniwersitetiniň wekili, doktor Daniel Waýs Aşgabat şäherindäki muzeýlere baryp gördi.
27.10.2026
3039
Umumy bilim berýän mekdeplerinde okuwçylaryň güýzki dynç alyş möwsümi dowam edýär
Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň umumy bilim berýän mekdeplerinde okuwçylaryň güýzki dynç alyş möwsümi dowam edýär.
27.10.2026
1848
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara bäsleşik we maslahat geçirer
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty maliýe dersi boýunça III Açyk halkara olimpiadany we «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly III halkara ylmy-amaly maslahaty geçirer.
27.10.2026
2602
Türkmenistanyň DIM-inde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça 2026–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça 2026–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan maslahat geçirildi.