Ï Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara bäsleşik we maslahat geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara bäsleşik we maslahat geçirer

view-icon 1199
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara bäsleşik we maslahat geçirer

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty maliýe dersi boýunça III Açyk halkara olimpiadany we «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly III halkara ylmy-amaly maslahaty geçirer.

Maliýe dersi boýunça III Açyk halkara bäsleşigi onlaýn görnüşinde 13-nji noýabrda geçiriler. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar. Olimpiada özbaşdak bäsleşikler görnüşinde geçirilip, olarda her ýokary okuw mekdepden dört talypdan köp bolmadyk ýaşlar çykyş edip biler. Bäsleşigiň ýeňijileri toplanylan utuklaryň netijelerine görä kesgitleniler.

Internet-olimpiadasyna gatnaşmak isleýänler 10-njy noýabra çenli gatnaşjaklar baradaky maglumatlary bellenen nusgalyga laýyklykda guramaçylyk toparynyň tsiem.olymp@gmail.com, tsiem.muhanow@gmail.com elektron salgylaryna ibermelidirler.

27-nji noýabrda türkmen ýokary okuw mekdebi utgaşykly görnüşde «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly III halkara ylmy-amaly maslahaty geçirer.

Foruma Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri çagyrylýar.

Ylmy-amaly maslahat 3 sany bölümçe boýunça geçiriler:

I. Ykdysadyýeti durnukly ösdürmegiň geljekki ugurlary;

II. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde maliýe mehanizminiň orny;

III. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşinde menejmentiň we marketingiň orny.

Maslahatyň işine gatnamak isleýänler 12-nji noýabra çenli tezisleri, synlary we çykyşlary guramaçylyk toparynyň tsiem.conference@gmail.com elektron salgysyna ibermelidirler.

Maslahatyň we internet-olimpiadanyň resmi dilleri türkmen, iňlis we rus dilleridir.

Çäreler baradaky giňişleýin maglumatlar institutynyň resmi sahypasynda ýerleşdirilendir.

Guramaçylar geçiriljek halkara duşuşyklaryň özara bähbitli ylmy bilimleri we amaly tejribeleri alyşmak, netijeli hyzmatdaşlygy guramak hem-de ösdürmek, dünýäniň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täsirli meýdança öwrüljekdigine ynam bildirýärler.