15.08.2026
3912
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýona Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
15.08.2026
3097
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
14.08.2026
2776
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynda Watanymyzda bolup geçen özgertmeler gurluşyk we senagat toplumynda gazanylan üstünlikler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeler maksatnamalarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyz gurýan kuwwatly döwlete öwrüldi.
14.08.2026
3142
Ruhy däpleriň dowamaty
Şu gün Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherinde toý sadakasy berildi. Ol döwrebap şäheriň täze metjidiniň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylyp, hasaba alnandygy baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagyna bagyşlandy.
14.08.2026
5207
«Ýaňlan Diýarym!» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry ýokary ruhubelentlige beslendi
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan Diýarym! – 2026» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry ýokary ruhubelentlige beslendi.
14.08.2026
3879
«Hory öwreniş» atly okuw gollanmasy neşir edildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzyň ýörite sazçylyk mekdepleri üçin niýetlenen «Hory öwreniş» atly täze okuw gollanmasy neşir edildi.
14.08.2026
3536
Türkmen kompozitorlarynyň eserleri Berlinde geçirilen «Young Euro Classic» festiwalynda ýaňlandy
Berlin şäherinde «Young Euro Classic» at bilen ýaşlar simfoniki orkestrleriniň XXVII halkara festiwaly geçirilýär. Bu festiwal ýaş sazandalaryň döredijiligini halkara giňişliginde görkezýän dünýäniň iri medeni çäreleriniň biridir.
14.08.2026
3878
Türkmenistanly türgenler Harbin şäherinde geçirilen şort-trek boýunça halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşdylar
Hytaýyň Harbin şäherinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Halkara konkide typmak birleşigi (ISU) tarapyndan bilelikde guralan şort-trek boýunça Aziýanyň ýaşlar türgenleşik ýygnanyşygy geçirildi. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy Aziýanyň dürli ýurtlaryndan ýaş türgenleri we tälimçileri bir ýere jemledi.
14.08.2026
992
Türkiýäniň ilçisiniň diplomatik wezipesiniň tamamlanmagy mynasybetli kabul edişlik dabarasy geçirildi
Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirokuň diplomatik wezipesiniň tamamlanmagy mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi.
14.08.2026
3113
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň halkyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.