05.08.2026
4255
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassisi kabul etdi.
05.08.2026
3639
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Bu iri çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Mejlisiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, iri halkara maliýe düzümleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.
05.08.2026
2711
Medeniýet — gymmatly milli miras we parahatçylygy berkarar etmegiň möhüm şerti
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesi bolan täze üstünliklere beslenýär. Milli medeniýetiň ösdürilmegi, gaýtalanmajak milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagy, öwrenilmegi, geljek nesillere ýetirilmegi hem-de dünýäde giňden wagyz edilmegi medeni strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä, döredijilik işini netijeli alyp barmak, bu ugurda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly şertler döredilýär, degişli desgalar ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylyp, kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirilýär.
05.08.2026
2363
Üçünji we iň möhüm ädim. «MA-5» formatynyň giň gerimli özgerişi näme getirýär
Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň garaşsyzlygy alandan soňky özygtyýarlylygyň we duýgy göterilişiň ilkinji tapgyrynyň umumy serhetüsti wezipeleri çözmek üçin sebit integrasiýasynyň obýektiw zerurlygyna kem-kemden orun berendigini eýýäm ynamly aýdyp bolar.
05.08.2026
5048
«Agronomçylykda innowasion tehnologiýalar» atly täze okuw kitaby neşir edildi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenilip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenen «Agronomçylykda innowasion tehnologiýalar» atly täze okuw kitaby neşir edildi.
05.08.2026
3863
Türkmen karateçileri Aktau şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda 21 medal gazandylar
Türkmen türgenleri Gazagystanyň Aktau şäherinde tamamlanan karateniň WKF görnüşi boýunça Merkezi Aziýanyň 11-nji çempionatynda dürli derejeli 21 medaly gazandylar.
05.08.2026
2925
Türkmen wekiliýeti Yslamabatda geçirilen CAREC sanly geçelge boýunça maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 29–30-njy iýulynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekiliýeti Yslamabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (CAREC) sanly geçelge boýunça maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy.
05.08.2026
3064
Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçisi fransuz atçylyk bilermeni bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 3-nji awgustynda Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda Ilçi M.Çaryýew Fransiýanyň Atçylyk federasiýasynyň milli tehniki bilermeni Aleksandr Gro bilen duşuşyk geçirdi.
04.08.2026
2829
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
Saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän strategiýanyň wajyp düzüm bölegi bolup çykyş edýär.
04.08.2026
4271
Türkmenistanyň talyplary «IMC-2026» halkara matematika olimpiadasynda 6 altyn we 3 kümüş medal gazandy
Türkmenistanyň talyplary 27-nji iýuldan 3-nji awgust aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen «IMC-2026» 33-nji Halkara matematika olimpiadasynda uly üstünlik gazandy.