12.04.2024
5106
«Отдых-2024» atly sergi-ýarmarkasynda Türkmenistanyň syýahatçylyk önümleri görkeziler
Türkmenistan aprel aýynyň 18–21-i aralygynda Minsk şäherinde boljak «Отдых-2024» atly 26-njy halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar. «Отдых-2024» sergä gelenlere dynç alşyň we göwün açmagyň dürli mümkinçilikleri barada hakyky maglumat hödürlär.
12.04.2024
4650
«Sekiz bagyň» önümleri göreni haýrana goýýar
Şu ýyl «Sekiz bag» hojalygy ilkinji gezek saflor ekip başlady. Zeýtun ýagynyň ornuny tutýan bu önümi daýhan birleşiginiň işgärleri Tejen etrabynyň bäş gektar meýdanynda ekdi.
12.04.2024
6112
Daşoguzda «Saýlanan Bina» täze jemgyýetçilik abadançylygy jaýyny gurýar
Daşoguzda täze «Hyzmatlar öýi» binasynyň gurluşygy başlandy. Ol «Saýlanan Bina» hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan şäheriň halkara howa menziline barýan awtoulag ýolunyň ugrunda gurulýan täze ýaşaýyş toplumynda ýaşaýjylara hyzmat etmek üçin gurulýar.
12.04.2024
5790
Balkan welaýatynda «Sahna ussatlygy – ynsan çyragy, müdimisiň Magtymguly Pyragy» diýen at bilen welaýat bäsleşigi geçirildi
Şu günler ähli ýerlerde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralýan dürli medeni çäreler toplumy giň gerime eýe bolýar.
12.04.2024
6987
Türkmenistan 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna kabul edildi
2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde EKOSOS-yň Guramaçylyk sessiýasynyň işiniň çäklerinde Geňeşiň kömekçi edaralaryna saýlawlar geçirildi.
12.04.2024
8374
«Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» elektron žurnalynyň täze sanynyň üç makalasy Magtymguly Pyraga bagyşlandy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň saýtynda «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň 2024-nji ýylda ilkinji sany çap edildi.
12.04.2024
5644
Türkmenistanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy suw meýilnamasyna goşmak boýunça maslahatlar tamamlandy
Türkmenistanda howanyň üýtgemeginiň uýgunlaşmagyna bagyşlanan birnäçe çäräniň çäginde suw hojalygynyň meýilnamalaşdyrylyşyna bagyşlanan jemleýji maslahat geçirildi.
12.04.2024
4372
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
12.04.2024
3454
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
11.04.2024
12804
Aşgabat şäheriniň häkimine we häkiminiň orunbasaryna berk käýinç yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, tabynlygyndaky düzümlere gözegçiligi gowşadandygy we Aşgabat şäherinde abadanlaşdyryş hem-de arassaçylyk işlerini geçirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Aşgabat şäheriniň häkimi Gandymow Rahym Nurgeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.