26.01.2024
6233
Täze ýaşaýyş jaýlary – maşgalalaryň bagtdan paýlary
Täze ýaşaýyş jaýyna göçüp barmak – maşgalanyň, onuň agzalarynyň ygtybarly geljeginiň, döwletliliginiň nyşany. Agzybir, döwletli maşgala bolsa, kämil jemgyýetiň özeni.
26.01.2024
8471
Türkmenistanda Hindistan Respublikasynyň güni bellenildi
Şu gün türkmen paýtagtynda milli baýram – Hindistan Respublikasynyň güni mynasybetli konsert geçirildi. Bu döredijilik çäresi türkmenistanlylary hindi halkynyň köp görnüşli sungaty, özboluşly däp-dessurlary we medeniýetdäki üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga niýetlenendir.
26.01.2024
9024
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «THE Awards Asia 2024» atly baýragyň dalaşgärleriniň sanawyna girdi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Student Recruitment Campaign of the Year» tapgyrynda «THE Awards Asia 2024» atly baýragyň dalaşgärleriniň sanawyna girdi.
26.01.2024
5599
Maryda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi
Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda Mary şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylyşy dowam edýär.
26.01.2024
7120
«Arkadag» toparynyň futbolçylary Türkiýä türgenleşik ýygnanşygyna gitdiler
«Arkadag» toparynyň futbolçylary şu gün Türkiýäniň Antalýa şäherine okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna ugradylar. 4-nji martda başlanýan 2024-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlygyň çäklerinde Wladimir Baýramowyň şägirtleri Türkiýede birnäçe barlag oýunlaryny geçirerler.
25.01.2024
10307
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl: Gurluşyk-senagat toplumy we elektroenergetika pudagy
Pudaklaryň durnukly ösmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle ugurlaryň biri hem gurluşyk-senagat toplumydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde bu topluma aýratyn ähmiýet berilýär. Gurluşyk toplumyna ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, Diýarymyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, milli telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak babatda amala aşyrylýan netijeli işler şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklere beslenmegini şertlendirdi. Onuň çäklerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde her ýyl önümçilik, durmuş, medeni maksatly desgalaryň ýüzlerçesi, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk, sport merkezleri, iri we kiçi senagat kärhanalary gurulýar we durky täzelenilýär. Bu babatda syn berilýän 2023-nji ýyl Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň täze taryhynda ýene-de bir möhüm sahypany ýazdy.
25.01.2024
6155
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
25.01.2024
5028
Türkmenistanyň Prezidenti Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatoryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatory Dewid Jon Hýorlä ýurduň milli baýramy — Awstraliýanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
25.01.2024
5378
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Täze — 2024-nji ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Şeýle hem Size mähirli Täze ýyl gutlaglaryňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.
25.01.2024
6493
Ýaşlar howanyň üýtgemegine garşy göreşde hereketlendiriji güýç bolup durýar
Şu ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanda howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň başlangyçlarynyň kartasy – howanyň hereketi üçin ýaşlar başlangyçlarynyň kartasy» hökmünde «Tegelek stol» geçirildi.