26.01.2024
5571
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Emiri hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
26.01.2024
6192
«Dialog - parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi
2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen "Dialog - parahatçylygyň kepili" atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilip, guramanyň 6 resmi dilinde ýaýradyldy.
26.01.2024
4792
BAE-niň «WAM» habarlar agentligi bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda ilkinji gezek sapar bilen bolýan «WAM» habarlar agentliginiň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
26.01.2024
5600
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Horasan-Rezawi welaýatynyň gubernatory bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň gubernatory Ýakub Ali Nazari bilen duşuşyk geçirildi.
26.01.2024
5253
Daşkent şäherinde Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer syýasatynyň ähmiýetine bagyşlanan brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2023-nji ýylyň jemlerine we 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.
26.01.2024
6436
Balkanabatda ýurdumyzyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Balkan welaýatynyň merkezindäki köpugurly sport toplumynda sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.
26.01.2024
3389
Türkmenistanyň kitaphanalarynda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirilýär
Türkmenistanyň kitaphana işgärleri ynsanperwer garaýyşly akyldar nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli çäreleri guramaga işjeň gatnaşýarlar.
26.01.2024
3142
Harydy eltip bermek hyzmatynda elektromobiller ulanylýar
Arkadag şäheriniň saýty harydy eltip, alyja elin gowşurmak hyzmatynda «akylly» şäheriň ekologiýa taýdan zyýansyz ulagynyň ulanylyp başlandygyny habar berýär. Şeýlelik bilen, durnukly ösüş ugrunda ýene bir ädim ädildi – diňe bir jemgyýetçilik ulagy ulgamynda däl, eýsem, söwda ulgamynda-da daşky gurşawa iň az täsir ýetirýän elektrik ulaglary ornaşdyryldy.
26.01.2024
3527
Türkmenistanyň strategik maýa goýum taslamalary Pariždäki halkara forumda görkeziler
2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň meýilnamasynyň taslamasy çap edildi.
26.01.2024
9178
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň arasynda ekologiýa temasyna degişli bäsleşikler geçiriler
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda ekologiýa temasyna degişli bäsleşikler yglan edildi.