mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

15.07.2026

total-veiw

4354

Aşgabatda Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi

14-nji iýulda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Fransiýa Respublikasynyň Milli baýramy – Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Oňa Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, işewür toparlaryň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan hormatly myhman hökmünde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow gatnaşdy.

news-photo

15.07.2026

total-veiw

4459

«Gülüň owadan» atly keçe bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry

Türkmen halkynyň milli mirasyna ser salanyňda, güller çemeni göz öňüňde janlanýar. Eziz enelerimiziň, mährem uýalarymyzyň çeper ellerinden çykan halylar, keşdelerdir nagyşlar, milli lybaslar, gelin-gyzlarymyzyň görküne görk goşýan, ajaýyp bedewlerimize zynat berýän zergärçilik sungaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhy bilen utgaşyp, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülmegi türkmen milletiniň kalbyna nur çaýýar. Milli mirasymyzyň ençemesiniň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň mukaddeslikleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegidir.

news-photo

15.07.2026

total-veiw

5936

Türkmenistanly talyp gyz Germaniýada DAAD gullugynyň tomusky bilim maksatnamasyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Mehatronika we robot tehnikasy» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Çynar Garlyýewa Germaniýada 1–30-njy iýul aralygynda geçirilýän Germaniýanyň Akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) tomusky bilim maksatnamasyna gatnaşýar.

news-photo

15.07.2026

total-veiw

3452

Aşgabatda Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli çäre geçirildi

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli ýatlama dabarasy hem-de tematiki fotosergi geçirildi.

news-photo

15.07.2026

total-veiw

2895

Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi

2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeler geçirildi.

news-photo

15.07.2026

total-veiw

3174

Türkmenistan Ýokary derejeli syýasy forumda: 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça çäreleri tizleşdirmek

BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmäge bagyşlanan çärelere gatnaşýar.

news-photo

15.07.2026

total-veiw

1802

«Tourism Malaysia Almaty»-nyň müdiri Nor Şazli Azmi: «Biz Türkmenistan bilen syýahatçylyk pudagynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy maksat edinýäris»

Paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen ilkinji «Tourism Malaysia» seminar-prezentasiýasy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň syýahatçylyk pudagynda gatnaşyklaryny özgertmäge goşant goşdy. Malaýziýanyň Syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Agentligi bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu çäre turbiznesiň esasy işgärlerini we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini jemledi.

news-photo

15.07.2026

total-veiw

1603

Dostluk köprüsi: Aşgabatda «Tourism Malaysia»-nyň tanyşdyryş seminary geçirildi

14-nji iýulda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Malaýziýanyň Syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministrliginiň ýanyndaky «Tourism Malaysia» agentligi hem-de Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan bilelikde guralan «Tourism Malaysia»-nyň ilkinji tanyşdyryş seminary geçirildi.

news-photo

14.07.2026

total-veiw

4188

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saýidowy kabul etdi.


14.07.2026

total-veiw

4214

Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy: ählumumy saglygy goraýşyň bähbidine tagallalary birleşdirip

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan milli saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek maksatnamasy hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

...3460