20.06.2023
5884
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawty, instruktor, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady.
20.06.2023
5626
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Oleg Kononenkony gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawty, instruktor, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony doglan güni mynasybetli gutlady.
20.06.2023
5996
Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär
Ozal habar berlişi ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleri guramaçylykly dowam edýär.
20.06.2023
5591
Türkmenistan — Eýran: medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak ýoly bilen
Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen “Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň” iki jiltlik ýygyndysynyň sowgat hökmünde gelip gowuşmagyna bagyşlandy.
20.06.2023
9037
Aşgabatda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Şu gün paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
20.06.2023
7490
Arkadag şäherine bagyşlanan eserler
Milli Gurban baýramy bellenýän günleri Türkmenistanda möhüm taryhy waka ̶ Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy bolar.
20.06.2023
7539
Wengriýada geçirilen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň kikboksçylary 10 medal gazandy
Türkmenistanyň topary Budapeştde tamamlanan kikboks boýunça 28-nji dünýä çempionatynda on medal gazandy. Kikboksing boýunça guramalaryň bütindünýä assosiasiýasynyň (WAKO) howandarlygynda geçirilen bu ýaryşa 41 ýurtdan 2000-den gowrak türgen gatnaşdy.
20.06.2023
10513
Türkmenistan umumy gan barlagy üçin barlaghana reagentleriň toplumyny satyn aldy
Türkmenistan umumy gan barlagy üçin barlaghana reagentleriniň bir toplumyny satyn aldy. Bu reagentler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde satyn alyndy.
20.06.2023
5345
ÝUNOPS bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň direktory hanym Freýa fon Groote bilen duşuşyk geçirdi.
19.06.2023
4043
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.