03.06.2023
5544
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.
03.06.2023
6590
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu çäre paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesini özünde jemledi.
03.06.2023
6482
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz döwrebap elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy.
03.06.2023
4160
Nikolaý Amiýansyň doglan gününiň 89 ýyllygyna bagyşlanan konsert
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nikolaý Artýomowiç Amiýansyň 89 ýyllygy mynasybetli konsert boldy.
03.06.2023
4780
Çehowyň eseri ýene Mollanepes adyndaky talyp teatrynyň sahnasynda
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary diplom işi sahna oýunlaryny tabşyrýarlar. Ýaş režissýorlar we aktýorlar üçin döredijilik işlerindäki iň gowy synag Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň ilkinji sahnasydyr.
03.06.2023
3877
Daşky gurşawyň abadançylygy bagtyýar durmuşyň kepilidir
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi guramagynda Daşoguz şäherinde maslahat geçirildi.
03.06.2023
5801
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp bäsleşik geçirildi
Gündogaryň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Türkmenistanyň Bilim bilim ministrligi bilen bilelikde talyplaryň arasynda guran breýn-ring ̶ paýhas oýnunyň jemleýji tapgyry 8: 7 hasabynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň toparynyň peýdasyna tamamlandy.
02.06.2023
3744
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
02.06.2023
3630
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara güni — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu ajaýyp halkara sene mynasybetli geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da ýokarlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
02.06.2023
4584
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, edermen pileçilerine we ussat ýüpekçilerine
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanan uly zähmet ýeňşiňiz — pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamaňyzy ýerine ýetirip, Garaşsyz Watanymyzyň pile harmanyna 2 müň 300 tonnadan hem gowrak pile tabşyrmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.