02.05.2023
11428
Türkmenistan – Germaniýa Federatiw Respublikasy: hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda
Ýewropanyň döwletleri bilen oňyn köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.
02.05.2023
8045
«Arkadag» topary «Şagadamdan» üstün çykmagy başardy
«Arkadag» futbol topary, ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda üçünji ýeňşini gazandy. «Arkadag» futbol toparynyň türgenleri Türkmenbaşynyň «Şagadamyndan» 4:0 hasabynda ýeňiş gazanmaga başardylar.
02.05.2023
5582
Türkmenistana FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino sapar bilen geler
Futbol assosiasiýalary halkara federasiýasynyň (FIFA) Prezidenti Janni Infantino 2023-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistana sapary bilen geler.
02.05.2023
4682
Türkmen kompozitorlarynyň «Bahar ylhamy» festiwaly
Maý Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda türkmen kompozitorlarynyň sazlarynyň festiwalyny açyldy. Onuň açylyş dabarasynda konserwatoriýanyň rektory Resul Amangeldiýew ýygnananlary döredijilik çäresi bilen gutlady we festiwala işjeň gatnaşandyklary üçin tapawutlanan kompozitorlara Hormat hatlaryny gowşurdy.
01.05.2023
3418
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
01.05.2023
4733
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça sala salşygyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
01.05.2023
7016
Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek W.Hajiýewiň üstüne ýüklenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Öwezgeldiýewiç Meredowyň her ýylky esasy rugsady döwründe onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýewiň üstüne ýüklenildi.
01.05.2023
7600
Türkmenistan – ABŞ: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan iş saparynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler türkmen-amеrikan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berdi.
01.05.2023
3944
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça sala salşygyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan etdi.
01.05.2023
3508
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Size we Siziň maşgalaňyza mähriban käbäňiz Ogulabat ejäniň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjymy beýan edýärin.