11.07.2022
3934
Türkmen halkynyň belent ynsanperwerlik taglymlary mynasyp dowam etdirilýär
Şu gün hajy Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň adyndan Sindzo Abeniň hatyrasyna gurbanlyk sadakasyny berdi. Bu waka Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministriniň ýagty ýadygärligine çuňňur hormat goýulýandygynyň güwäsi boldy, ol biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşdy, netijede, Ýaponiýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi.
11.07.2022
12303
Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň kepilidir
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy.
11.07.2022
11851
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasaryny wezipesinden boşatdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ogulşeker Rejepberdiýewna Meredowa saglyk ýagdaýy sebäpli Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
11.07.2022
9723
Türkmenistanda boljak howa barada gysgaça maglumat
Hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň çäginde ýene-de yssy howa agdyklyk eder. Gündizlerine howanyň temperaturasy +43 gradusa çenli gyzar.
11.07.2022
5289
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
11.07.2022
6450
Ýod önümçiligi kärhanasynyň ösüş depgini ýokarlanýar
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasy bu ulgamyň ýurt möçberindäki göreldeli kärhanalarynyň biri hasaplanýar. Bu ýerde öndürilýän derde derman melhemler ýokary hil derejesi bilen tapawutlanyp, içerki we daşarky sarp edijileriň arasynda uly meşhurlyga eýedir.
10.07.2022
12287
Türkmenistanyň geljek ýedi ýyl üçin ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlary kesgitlenildi
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
10.07.2022
12167
Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimini wezipä belledi
Dowletgeldi Meretgeldiýewiç Annamuradowy Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
10.07.2022
10102
Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde gulluk iş saparynda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen-özbek sebitara forumyna, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky Işewürlik geňeşiniň mejlisine, Türkmenistanyň we Özbegistanyň önümçilik mümkinçilikleriniň sergisine, türkmen-özbek bilelikdäki dostluk konsertine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 12 — 14-nji iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
10.07.2022
9358
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar
Sizi hem-de Siziň üstüňiz bilen doganlyk türkmen halkyny yslam dünýäsiniň esasy baýramlarynyň biri, ruhy bitewüligi, jebisligi we asylly maksatlary özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.