09.04.2022
6285
«Ahal» çempionlar Ligasynda ýeňiş gazandy
Jidde şäherinde (Saud Arabystany) badalga alan AFK-yň çempionlar Ligasynyň toparlaýyn bäsleşiginde «Ahalyň» futbolçylary Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şababom Al-Ahli» topary bilen 1:1 hasabynda deň oýnady. «С» toparçada «Ahal» we «Şababom Al-Ahli» bilen bilelikde «Fuladyň» (Eýran) we «Al-Garafatyň» (Katar) futbolçylary oýnaýarlar.
09.04.2022
5092
Wiwaldiniň sazy astynda
Diýarymyzyň demirgazyk sebitiniň edara ediş merkeziniň ýaşaýjylary aprel günlerinde şirin mukamlardan lezzet almak mümkinçiliklerini Daşoguz welaýatynyda ýerleşýän M.Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň döredijilik toparyndan peşgeş aldylar.
08.04.2022
7776
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, geljek döwür üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi.
08.04.2022
6639
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
08.04.2022
8461
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Aşyrguly Begliýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellemeli.
08.04.2022
5841
Türkmen hokkeýçileri DÇ-2022-de Taýwanyň ýygyndysyny utdular
Türkmenistanyň hokkeý milli ýygyndy topary Lýuksemburgda geçýän dünýä çempionatynda Taýwanyň ýygyndysyny 4:2 hasabynda utup, dünýä ýaryşynyň üçünji diwizionynyň güýçli «А» toparynda galmagy başardy.
08.04.2022
10732
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň öňünde durýan möhüm weipeleriň biri daşary ýurtlaryň gümrük gulluklary we gümrük işi çygryndaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bolup durýar.
08.04.2022
13546
Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň merkesi Geňeşi we Bilim ministrligi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda döredijilik bäsleşigini gurady.
08.04.2022
8437
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
Rusiiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin hormatly Prezidentimizi Serdar Berdymuhamedowy Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iň mähirli gutlaglary iberdi.
07.04.2022
7809
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň oňat arzuwlaryny iberdi.