28.02.2022
5984
Türkmenistanda GDA-nyň Synçylar wekilligi öz işine başlady
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işine başlady. Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi.
28.02.2022
7800
Sungaty öwrenijileriniň arasynda döredijilik bäsleşigi geçiriler
2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň sungat öwrenijileriniň gatnaşmagynda taýýarlanan sungat nazaryýetine degişli ylmy we döredijilik işleriniň bäsleşigi geçirilýär.
28.02.2022
5849
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
28.02.2022
7299
Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
28.02.2022
14399
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň ýolbaşçy düzümi saýlanyldy
Küşt boýunça milli sport ussady, 43 ýaşly Wepa Mälikgulyýew Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň (TKF) başlygy wezipesine saýlanyldy.
28.02.2022
9680
Türkmenistanda ýagyşly we güneşli howa garaşylýar
Şu hepde Türkmenistanda ümürli we ýagyşly howa bolar diýlip çaklanylýar. Howa +20…+25 gradus aralygynda maýyl bolmagy mümkin.
27.02.2022
5663
Türkmenistanyň dünýäniň 30 ýurdunda ýerleşen ilçihanalarynda we konsullyklarynda 41 sany saýlaw uçastoklary döredildi
Şu gün, 27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik korpusy bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
27.02.2022
6998
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we ýurduň ähli doganlyk halkyna Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
27.02.2022
6010
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Abdul Hamide we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Bangladeş Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
26.02.2022
5568
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.