mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

18.02.2022

total-veiw

9715

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň bu Gurama bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

news-photo

18.02.2022

total-veiw

10167

Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň we agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

news-photo

18.02.2022

total-veiw

12908

Ylmy işläp taýýarlamalar – önümçilige: elektron resminama dolanyşygy we awtomatlaşdyrylan çözgütler

Bu gün biz Türkmenistanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň maglumatlar howpsuzlygy we kommunikasiýa tehnologiýalary barlaghanasynyň hünärmenleriniň işi barada gürrüň etmekçi, olar ýurdumyzyň dürli edaralaryna Elektron resminama dolansygy ulgamyny (ERDU) girizýärler.

news-photo

18.02.2022

total-veiw

10899

Ýazlyk sogan ekiler

Daşoguz welaýatynda ýazlyk sogan üçin bölünip berlen ýeriň meýdany geçen ýyl bilen deňeşdirilende, iki esse köpeldi. Häzir Daşoguz welaýatynyň ähli etraplarynda ýerleri ekişe taýýarlamak boýunça hemmetaraplaýyn işler tamamlanyp barýar.

news-photo

18.02.2022

total-veiw

59875

Sazak – Garagum sährasynyň gudraty

Garagum sährasy diýlende türkmeniň kalby ýaly giň, aňyrsyna – bärsine göz ýetmeýän ýaýylyp ýatan aňňat – aňňat gum depeleri, Günüň mährini, topragyň tagamyny, ýaşaýşa bolan bimöçber yşky özünde jemleýän ösümlik dünýäsi göz öňüňde janlanýar. Garagum sährasy ýurdumyzyň genji – hazynasydyr, onda bitýän ösümlikler bolsa, bu ümmülmez ýaýlanyň gözellik we tebigy keşbini emele getirýän täsinlikler dünýäsidir.

news-photo

17.02.2022

total-veiw

7226

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine

Sizi Watanymyzda her ýyl giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

news-photo

17.02.2022

total-veiw

7336

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň başlanmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

news-photo

17.02.2022

total-veiw

6923

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.

news-photo

17.02.2022

total-veiw

10799

Türkmenistanda ýeralma ekişi başlandy

Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň oba hojalykçylary ýazlyk ýeralma ekişine girişdiler.

news-photo

17.02.2022

total-veiw

7020

Sungata belent sarpa

Paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilen «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binanyň düýbüniň tutulyş dabarasy bolup, oňa Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, onuň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa tans topary, medeniýet işgärleri, kümüş saçly eneler, il sylagly ýaşulular hem-de gurluşykçylar gatnaşdylar.

...3296