mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

15.04.2026

total-veiw

3995

Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Şu gün Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary ýurdumyza saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna baryp gördüler.

news-photo

15.04.2026

total-veiw

5032

Türkmenistan syýahatçylygyň gözýetimlerini giňeldýär

Aşgabatda badalga alan «Turkmentravel – 2026» halkara forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň strategiýasyny tanyşdyrdy. 

news-photo

15.04.2026

total-veiw

3779

Kordula Wolmut (BMG – Syýahatçylyk): - Türkmenistanyň dünýäniň syýahatçylyk bazarynda bäsleşige ukyply tarapa öwrülmegi üçin ähli şertleri bar

Türkmenistanyň paýtagtynda «Turkmentravel – 2026» atly halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady.

news-photo

15.04.2026

total-veiw

3428

Türkmenistanyň DIM-inde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýan bilen duşuşyk geçirdi.

news-photo

15.04.2026

total-veiw

3247

Türkmenistan we “BMG – Syýahatçylyk” guramasy durnukly syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň Ýewropa boýunça sebit direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kordula Wolmuteriň arasynda duşuşyk geçirildi.

news-photo

15.04.2026

total-veiw

4674

Türkmenistanyň DIM-inde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýewyň duşuşygy geçirildi.

news-photo

15.04.2026

total-veiw

2827

Türkmenistan we ICMPD migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde, türkmen wekiliýetiniň Awstriýanyň Wena şäherinde öz işine başlan Serhet howpsuzlygy boýunça bütindünýä kongresiniň işine gatnaşmagynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary Sahy Imamberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Sýuzanna Raab bilen iş duşuşygyny geçirdi.

news-photo

15.04.2026

total-veiw

3076

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary hanym Dima Al-Ýahýa bilen duşuşdy.

news-photo

15.04.2026

total-veiw

4428

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

16-njy aprelde we 14-nji maýda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda orta we hünär bilim edaralarynyň uçurymlary, harby gullukçylar, önümçilikde işleýän ýaşlar we 2026 – 2027-nji okuw ýylynda bu instituta okuwa girmek isleýänler üçin «Açyk gapylar» güni geçiriler.

news-photo

15.04.2026

total-veiw

3599

Ahmet Demirok: – Syýahatçylyk medeniýeti birleşdirýär we dostluk köprülerini gurýar

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeliginiň açylyşy mynasybetli diplomatik toparyň, syýahatçylyk telekeçiliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Çäräniň resmi açylyş dabarasyny Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok geçirdi.

...3464