21.10.2025
3886
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we dostlukly türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
21.10.2025
3547
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň saýlanylan Premýer-ministrini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
21.10.2025
5137
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan taýýarlanylyp, çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän žurnalda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň hem-de hukuk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary giňişleýin beýan edilýär.
21.10.2025
3389
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine gelip, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
21.10.2025
4012
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Yrak Respublikasyna sapary
2025-nji ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Yrak Respublikasynyň Bagdad şäherinde saparda boldy.
21.10.2025
3676
Türkmenistanyň wekiliýeti sebitara baglanyşygy pugtalandyrmak boýunça ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy
2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Lýuksemburgda ÝB-niň Daşary işler boýunça geňeşiniň mejlisinden soň geçirilen ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy.
21.10.2025
3375
Türkmenistanyň we Indoneziýanyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Indoneziýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Sugiononyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
21.10.2025
3656
Türkmenistanyň wekiliýeti Sportda dopinge garşy göreş baradaky Halkara konwensiýasynyň Taraplarynyň Maslahatynyň 10-njy sessiýasyna (COP10, UNESCO) gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýanyň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda 2025-nji ýylyň 20-22-nji oktýabry aralygynda geçirilýän Sportda dopinge garşy göreş baradaky Halkara konwensiýasynyň Taraplarynyň Maslahatynyň 10-njy sessiýasyna (COP10) gatnaşýar.
21.10.2025
5918
Ilýa Židkow (Russiýa): Türkmenistanda sport bilen meşgullanmak üçin ajaýyp sport toplumlary bar
Russiýanyň Ýekaterinburgdaky UMMK-nyň (Ural magdan we metallurgiýa kombinaty) stol tennis toparynyň tälimçisi Ilýa Židkow «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde Aşgabadyň sport toplumlarynyň rahatlygyna we ägirt uly gerimine ýokary baha berdi.
21.10.2025
4759
Türkmen talyplary Indoneziýada geçirilen halkara ylmy bäsleşikde altyn medala mynasyp boldular
Düzümi Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Ogulnur Rozyýewanyň ýolbaşçylygyndaky talyplar Gadyr Orazberdiýewden we Selbi Kerimgulyýewadan ybarat bolan ýokary okuw mekdebiniň milli topary Indoneziýanyň Surabaýa şäherinde 14 – 17-nji oktýabry aralygynda geçirilen «World Youth Invention and Innovation Award 2025» (WYIIA) halkara ylmy bäsleşikde üstünlikli çykyş etdi.