30.12.2024
5290
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny täze — 2025-nji ýylyň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlamaga we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.
30.12.2024
4569
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Siziň Alyhezretiňiz, maňa Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylmagy we Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryňyz, hoşniýetli arzuwlaryňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin!
30.12.2024
6331
Täze ýyl baýramçylygy günlerinde Türkmenistanda nähili howa bolar?
Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygy günlerinde üýtgäp durýan bulutly howa bolup, käýerlerde ýagyş ýagar diýlip çak edilýär. Howanyň ortaça temperaturasy +10 gradus bolar.
30.12.2024
6673
«Sport fotožurnalistikasy» okuw kitaby neşir edildi
«Ylym» neşirýaty ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistikany öwrenýän talyplaryna niýetlenen «Sport fotožurnalistikasy» okuw kitabyny neşir etdi.
30.12.2024
6110
«Diplomatik protokol» okuw merkezinde hünärmenleriň dördünji goýberilişi boldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýöriteleşdirilen «Diplomatik protokol» okuw merkezini üstünlikli tamamlan hünärmenlere şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
30.12.2024
6954
2025-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni alyşmak we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
30.12.2024
76661
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly täze üstünlikleriň, belent sepgitleriň ýyly bolar
2024-nji ýylyň soňky hepdesi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň düzümlerini kämilleşdirmäge, döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda netijeli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
30.12.2024
5716
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 828 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.
30.12.2024
5537
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijä gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Çoý Sang-moka “Jeju Air” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
29.12.2024
9970
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi täze — 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.