Hyzmatdaşlyk
29.10.2022
5426
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň agza-döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2022-nji ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň 54-nji mejlisine we Assambleýanyň çäklerinde geçirilen çärelere gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde saparda boldy.
26.10.2022
6225
Türkmen wekiliýeti «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisine gatnaşdy
2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» formatynyň Işewürler geňeşiniň nobatdaky 3-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
26.10.2022
5353
Türkmenistanyň DIM-nde COP26-nyň sebitleýin Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Aşgabada Howa boýunça ýaşlaryň maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen gelen COP26-nyň Ýewropada, Merkezi Aziýada, Türkiýede we Eýranda sebitleýin Ilçisi Dewid Moran bilen duşuşygy geçirildi.
26.10.2022
5345
Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» 15-nji Hyzmatdaşlyk Forumyna gatnaşdy
2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynynyň 15-nji mejlisi geçirildi we oňa Koreýa Respublikasynyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary wezipeli wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar.
25.10.2022
7606
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna iş sapary
2022-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynda iş saparda bolýar.
24.10.2022
7176
Türkmenistan we Özbegistan ýakyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we anyk mazmun bilen doldurmaga iki tarapyň hem taýýardygyny tassyklaýarlar
Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary boldy.
21.10.2022
5524
Türkmenistanyň Prezidenti sebit meselelerinde türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebit işlerinde türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi.
21.10.2022
10775
Türkmenistan we Özbegistan Owganystanda parahatlygy üpjün etmek işine gatnaşmagyny dowam etdirer
Türkmenistan we Özbegistan Owganystanda parahatlygy we durnuklylygy üpjün etmek işine gatnaşmagyny dowam etdirer. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Aşgabat şäherine gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren gepleşiklerinde aýtdy.
20.10.2022
7152
Sebit we ählumumy wehimler bilen baglylykda Türkmenistanyň täze halkara başlangyçlary
Merkezi Aziýa sebitinde syýasy we durnukly ykdysady özgertmeler dünýä gurluşynyň kemala gelmeginde barha uly orun eýeleýär hem-de muňa has uly täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşy bu meýilleriň möhüm subutnamasy boldy.
19.10.2022
5464
Türkmenistanyň wekiliýeti terrorçylyk boýunça ýokary derejeli maslahata gatnaşdy
2022-nji ýylyň 17-19-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Duşanbe şäherine saparynyň çäklerinde «Serhet howpsuzlygy hem-de terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň hereketleriniň öňüni almak üçin serhet gözegçiligi ugurlaryndaky halkara we sebit hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy.