Hyzmatdaşlyk
29.10.2021
8083
Eýranyň paýtagtynda türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
2021-nji ýylyň 26-27-nji oktýabrynda Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 16-njy mejlisi Toparyň bilelikdäki başlyklary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri R.Gaseminiň gatnaşmagynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
28.10.2021
9809
Türkmenistanyň wekilýeti Owganystanyň goňşy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
2021-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda EYR-nyň Tähran şäherinde Owganystanyň goňşy döwletleriniň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
27.10.2021
7850
Tähranda Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geneşmeler geçirildi
2021-nji ýylyň 26-28-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda saparda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
26.10.2021
9424
Türkmenistan bilen Gazagystan ulag pudagynda möhüm ylalaşyklar gazandy
Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ulag hem tranzit pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.
26.10.2021
6814
Kasym-Žomart Tokaýew döwlet Baştutanymyza Gazagystana türkmen gazyny ibermegi teklip etdi
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçen gepleşiklerde türkmen gazyny Gazagystan bazaryna ibermek meselesine garamagy teklip edipdir. Bu barada Gazagystanyň Baştutany Türkmenistana döwlet saparyndan soň geçirilen gysga metbugat duşuşygynda aýtdy.
24.10.2021
12551
24-nji oktýabr- Birleşen Milletler Guramasynyň halkara güni
1945-nji ýylyň 24-nji oktýabry Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen senesi bolup, bu sene her ýyl guramanyň agzasy bolan ýurtlarda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara güni hökmünde giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu halkara baýramçylyk biziň ýurdumyzda hem bellenilip geçilýär. Bu gurama dünýäde parahatçylygy, erkinligi, azatlygy, döwletleriň biri-birine bolan ynamyny ösdürmek maksady bilen döredilýär.
23.10.2021
7371
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana döwlet saparynda bolar
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana döwlet saparynda bolar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
22.10.2021
7752
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy şanly senelere bagyşlanan tegelek stol geçirdi
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasy eziz Diýarymyzyň taryhy şanly senelerine – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna we Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirdi.
22.10.2021
5940
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň wekili bilen gepleşikler geçirildi
2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Sebitleýin edarasynyň Direktory Wiorel Gusu bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
21.10.2021
7121
«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 20-nji duşuşygy geçirildi
2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň ýigriminji mejlisi göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.