Hyzmatdaşlyk
12.06.2026
2686
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran sapary barada
2026-njy ýylyň 10–12-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy.
11.06.2026
2320
Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen häzirki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
11.06.2026
2007
Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa bilen Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Tomas Şuller-Gotsburgyň we Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk ministrliginiň Halkara ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň direktory Elizabet Waýsenbýökiň arasynda duşuşyk geçirildi.
11.06.2026
2275
Türkmenistanyň Ilçisi Portugaliýanyň güni, Kamoens güni we portugal jemgyýetleriniň güni mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy
2026-njy ýylyň 9–10-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky we Portugaliýa Respublikasyndaky Ilçisi M. Çaryýew Terseýra adasynda (Azor adalary) Portugaliýanyň güni, Kamoens güni we portugal jemgyýetleriniň güni mynasybetli geçirilen döwlet çärelerine gatnaşdy.
10.06.2026
2416
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maria Agreden ynanç hatyny kabul etdi.
10.06.2026
2235
Adam hukuklaryny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek
2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Halk goragçysy (Ombudsmen) L.Ioseliani bilen duşuşdy.
10.06.2026
2373
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşygy geçirildi.
10.06.2026
2205
Türkmenistanyň DIM-nde Finlandiýa Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Finlandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Helsinki ş.) täze bellenen Ilçisi Maria Agre bilen duşuşdy. Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
10.06.2026
1932
ABŞ we Türkmenistan emeli aňdan başlap, medeni mirasa çenli hyzmatdaşlygy giňeldýärler
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara B.Rojers Türkmenistana bolan saparynyň jemlerini jemledi. Ýokary derejeli diplomat köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin guralan onlaýn brifingiň dowamynda ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklaryň esasy ugurlary barada durup geçmek bilen, ýokary tehnologiýalara, bilime we medeni alyş-çalşyga aýratyn üns berdi.
10.06.2026
2031
Türkmenistan bilen Täjigistanyň ÝUNESKO-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wafo Niyatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şeýle hem ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa gatnaşdy.