Hyzmatdaşlyk
19.04.2026
1109
Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Andreý Sibiganyň arasynda duşuşyk geçirildi.
19.04.2026
771
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Antalýada geçirilýän 5-nji Diplomatik forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen duşuşyk geçirdi.
19.04.2026
830
Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş sekretary bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna saparynyň çäklerinde Antalýa şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş sekretary Adem Kula bilen duşuşdy.
19.04.2026
744
Antalýada Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Antalýa şäherinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bilen duşuşdy.
18.04.2026
1780
Türkmenistanyň wekiliýeti Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 17-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna (ADF-2026) gatnaşdy.
18.04.2026
3131
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diňe iki döwletiň bähbitlerine däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem hyzmat edýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyry özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky çykyşynda, bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak diňe Aşgabat bilen Pekiniň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem doly laýyk gelýändigini nygtady.
18.04.2026
3269
Türkmenistanyň DIM-inde Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-inde Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Miranda Faýermanyň ýolbaşçylygyndaky Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
18.04.2026
3775
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky duşuşyga gatnaşdy
2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Moskwa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
16.04.2026
3903
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Bu duşuşyk iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyryna öwrülip, iki ýurduň hem hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.
16.04.2026
2791
Türkmenistanyň Ilçisi Birleşen Arap Emirlikleriň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Birleşen Arap Emirlikleriň Arap atlary jemgyýetiniň (EAHS) Baş direktory jenap Mohamed Ahmed Al Harbi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlandy.