Hyzmatdaşlyk
27.05.2026
1832
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Nýu-Ýorka sapary başlandy
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçiriljek «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş sapary başlandy.
27.05.2026
752
Aşgabatda Gruziýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi
Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda ýurduň milli baýramy – Garaşsyzlyk güni mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi. Gruzin halkynyň özygtyýarlylygynyň we demokratik ösüşiniň nyşany bolan bu çäre döwlet edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň wekillerini, şeýle hem jemgyýetçilik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.
26.05.2026
2111
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde UNOPS-yň köp ýurtly edarasynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirliginiň (UNOPS) Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň direktory Simonetta Siligato bilen duşuşygy geçirildi.
26.05.2026
721
IRENA halkara agentligi gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim etdi
Türkmenistanyň paýtagtynda binagärlik innowasiýalary we durnukly ösüş ýörelgeleri esasy mowzuklary bolan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisi we maslahaty öz işini tamamlady. Giň gerimli forumyň guramaçylary hökmünde Aşgabat şäher häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Turkmen Energy Forum» kompaniýasynyň ýardam bermeginde çykyş etdiler.
25.05.2026
2654
Türkmenistanyň DIM-nde Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
25.05.2026
2559
BMG-Habitat-yň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebit direktory bilen geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň, “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV Köpugurly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen, BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebit direktory Erfan Ali bilen duşuşygy geçirildi.
24.05.2026
2905
Ukrainanyň DIM-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili bilen geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirdi.
24.05.2026
3041
Türkmenistanyň Ilçisi ABŞ-nyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Ak tamda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ynanç hatyny gowşurdy.
23.05.2026
2769
BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat
2026-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
23.05.2026
1320
Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak ugrunda ädimlerini işjeňleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi hem-de birnäçe täze teklipleri hödürledi.