Jemgyýet
22.12.2022
6226
Türkmenistanyň ajaýyp seneleri dünýä metbugatynyň sahypalarynda
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ata Watanymyz Türkmenistan dünýäniň köp sanly habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde durýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli çärelerdir dabaralar geçirildi, Diýarymyzyň gazanýan üstünliklerini beýan edýän neşirler çap edildi.
21.12.2022
7447
Türkmenistanyň wekiliýeti Finlýandiýanyň sosial gorag ulgamy bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) arasyndaky «Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň» ýerine ýetirilmegine kömek taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça müdirlikler arasyndaky komissiýanyň we onuň iş toparynyň agzalary Finlýandiýada saparda boldy.
20.12.2022
9999
Aşgabat Täze ýylyň öňýanynda baýramçylyk öwüşginine beslendi
Türkmenistanyň ak mermere beslenen paýtagtyny ýetip gelýän Täze ýylyň öwüşginleri gurşap aldy, yşyklandyryjy serişdeleriň ýagtylygy Aşgabady bezedi. Agşamyň düşmegi bilen yşyklar ýagty saçýar we şäher dessine täsin ertekä meňzeýär.
20.12.2022
11661
«Altyn asyr» ÝGPJ: innowasiýalara esaslanýan ösüş
«Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti indi ýigrimi ýyla golaý wagt bäri halkymyzy mobil aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün edip gelýär. 2004-nji ýylda «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy döredildi. TMCELL 43802 indeks belgisi bilen hasaba alnan bu kompaniýa Bütindünýä öýjükli aragatnaşygyň GSM standartynyň agzasydyr.
20.12.2022
5798
«Maşgalanyň abadançylygy – döwletiň berkararlygy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly, beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde «Maşgalanyň abadançylygy — döwletiň berkararlygy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edilen bäsleşigiň jemleri jemlendi.
19.12.2022
4825
Ýurdumyzda bulutly we ýagyşly howa garaşylýar
Türkmenistanda hepdäniň dowamynda bulutly we ýagyşly howanyň bolmagyna garaşylýar. Gündizlerine howanyň ortaça temperaturasy +16 gradusdan ýokary bolmaz.
16.12.2022
7031
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirilýär
17-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek» şygary astynda tutuş ýurdumyz boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlanýar.
15.12.2022
17935
Ýurdumyzyň Täze ýyl baş arçasynyň yşyklary nur saçdy
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär.
15.12.2022
13318
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň IV gurultaýy
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdaky IV gurultaýy geçirildi.
14.12.2022
5285
Türkmenistanda howa maýlar
Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly, käbir ýerlerde ýagyş ýagmagy we +17 gradus maýyl howa bolmagy garaşylýar. Howanyň temperaturasy gijelerine, esasan, noldan aşakda bolar.