mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi

14.11.2021

total-veiw

9799

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy we Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:


14.11.2021

total-veiw

9866

Türkmenistanyň Prezidentiniň hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permany

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:

10.11.2021

total-veiw

9411

Ýük daşamagy düzgünleşdirmek maksady bilen, alynýan ýygymlar hem-de tölegler bellenildi

Ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri bilen ýük daşamagy düzgünleşdirmek hem-de ulag ulgamynyň halkara gatnawlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.  

10.11.2021

total-veiw

9575

«Türkmenaragatnaşyk» agentligine «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek üçin daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen şertnama baglanyşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.  

05.11.2021

total-veiw

7925

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Abdrahmanow Şahyma käýinç yglan edildi.

04.11.2021

total-veiw

8112

Söwda-senagat edarasynyň başlygyna, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygyna käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy Rejepow Döwletgeldi Jumadurdyýewiçe käýinç yglan edildi.

04.11.2021

total-veiw

6883

Gylyjow Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa birinji Ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde gulluk iş saparynda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa birinji Ykdysady forumyna gatnaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

03.11.2021

total-veiw

11705

Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdirine berk käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri Ataýew Wepaly Durdymuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

25.10.2021

total-veiw

5570

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewi Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginde, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewi Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamaly.

...502