mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi

27.08.2024

total-veiw

6176

Ýurdumyzyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan Arkadag şäherini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek, hususan-da, “akylly” şäherleriň “World Smart City Expo” atly Bütindünýä sergisine gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin Koreýa Respublikasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

25.08.2024

total-veiw

7057

Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli bagşyçylyk we saz sungatyny ösdürmek, kämil aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ajaýyp döwrümiziň beýik ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny wasp etmek, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan dutarçy bagşy-sazandalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

16.08.2024

total-veiw

8808

Amanmyradow K. hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Amanmyradow Kakamyrady, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmaly.

16.08.2024

total-veiw

8129

K.A.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Kakageldi Atajanowiç Saryýewi Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesine bellemeli.

16.08.2024

total-veiw

7360

Amanow G.M. hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Amanow Gowşutmurat Muhammetberdiýewiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

16.08.2024

total-veiw

7896

D.Atamyradow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Daýanç Atamyradowy Маrу welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.

16.08.2024

total-veiw

7054

Gökçeýew B.Ý. hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Gökçeýew Begmyrat Ýagşymyradowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

16.08.2024

total-veiw

6747

M.Ç.Aşyrow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Muhammetserdar Çarymyradowiç Aşyrowy Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.

13.08.2024

total-veiw

6808

G.Begenjow “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýagmyr Döwletmyradowiç Nuryýew, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

08.08.2024

total-veiw

11526

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyna berk käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Saparow Allaberdi Orazmämmedowiçe berk käýinç yglan edildi.

...502