Resmi
11.12.2023
9083
Hormatly Prezidentimiz birnäçe resminamalara gol çekdi
Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
26.11.2023
8937
Wise-premýer B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Awstriýa Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş maslahatynyň 20-nji mejlisine gatnaşmak hem-de gurluşyk we senagat babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň hem-de Wena şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmek üçin, 2023-nji ýylyň 26 — 30-njy noýabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
26.11.2023
9014
Wise-premýer T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Täjigistan Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 26 — 28-nji noýabry aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
25.11.2023
9642
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda
20.11.2023
10315
Türkmenistanyň Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy
Ýurdumyzyň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.
17.11.2023
12420
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň gurluşy, şeýle hem akademiýa okuwa kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin ýokary taýýarlykly ýolbaşçylary, gullukçylary, döwlete degişli bolmadyk kärhanalar, guramalar üçin hünärmenleri talabalaýyk taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň gurluşy, şeýle hem akademiýa okuwa kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy.
12.11.2023
10098
Arkadag şäheriniň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, jemagat hyzmatlarynda peýdalanylýan tygşytlylyk hem-de ekologik howpsuzlyk babatda halkara talaplara laýyk gelýän ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, ugurdaş tehnikalaryň, gurallaryň we enjamlaryň öndürilişi, şeýle hem olaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşmak üçin Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 13 — 18-nji noýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar.
10.11.2023
11916
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünliklerini, berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:
10.11.2023
10260
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.G.Niýazliýew hakynda
Batyr Gurbanmyradowiç Niýazliýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.
10.11.2023
21776
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany E.M.Aýdogdyýew hakynda
Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatmaly.