27.06.2025
3575
Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi türkmen medeniýetini, sungatyny we halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny şöhratlandyrýan şanly sene — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen halkynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä tanatmakda, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
26.06.2025
9542
Medeniýet hepdeligi — 2025: bäşinji gün
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän Medeniýet hepdeligi täsirli wakalary bilen oňa gatnaşyjylar we ähli watandaşlarymyz üçin ýatda galyjy baýramçylyga öwrüldi.
26.06.2025
2840
Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) täze bellenen Ýerine ýetiriji direktory Batyr Mamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
26.06.2025
2783
Serhetsiz sungat: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi we Şota Rustaweli adyndaky Milli teatrynyň direktory medeni hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Şota Rustaweli adyndaky Milli teatrynyň Direktory G.Tewzadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
26.06.2025
4444
Türkmenistanda resweratrol almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýalar barlaghanasynda gyzyl üzümiň giç bişýän görnüşinden bioflawonoid resweratroly almak boýunça ylmy barlaglar geçirildi.
26.06.2025
3726
Öňdebaryjy başlangyç synp mugallymlary sylaglandy
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň öňdebaryjy başlangyç synp mugallymlaryny sylaglamak dabarasy boldy.
26.06.2025
3421
Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk giňeldilýär
25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Ministrligiň ýolbaşçysy bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Azadbekowiç Alimowyň duşuşygy boldy.
26.06.2025
4975
OGT 2025 – Energetikada 30 ýyllyk liderlik
Eziz Diýarymyzyň paýtagtynda şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahaty we sergisiniň (OGT 2025) resmi hasaba alyşy şu wagtdan başlap açykdyr.
26.06.2025
3328
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Bangladeşiň Prezidentine ýollanan çakylyk haty Bangladeşiň Yslamabatdaky Ilçisine gowşuryldy
2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Bangladeş Halk Respublikasynyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow Bangladeşiň Ilçisi Ykbal Huseýn Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
26.06.2025
4676
Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdylan Kiýew şäherindäki seýilgähe interaktiw gezelenç
Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň golaýynda ajaýyp seýilgäh ýerleşip, onuň çäginde Gündogaryň beýik akyldary, görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdylandyr.