08.09.2023
5833
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
08.09.2023
7075
Türkmenistanyň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy
Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary tarapyndan terrorçylyga we zorlukly ekstremizme garşy göreşmek, bu ugurda iş alyp barýan halkara guramalar hem-de beýleki döwletleriň degişli edaralary bilen hyzmatdaşlyk çygryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, tejribe alyşmak we milli hünärmenleriň başarnyklaryny ýokarlandyrmak, şeýle hem bu ugurda işleri kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
08.09.2023
12349
Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik yglan edildi
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, şeýle hem şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, olaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmek, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
08.09.2023
6467
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna we ýurduň ähli halkyna Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
08.09.2023
6014
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
08.09.2023
3267
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
08.09.2023
5823
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-wýetnam geňeşmeleri geçirildi
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli gurluş bölümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi.
08.09.2023
6474
Şekillendiriş sungaty mugallymlarynyň eserleriniň sergisi guraldy
Suratkeşler birleşiginiň Sergi merkezinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň surat bölüminiň mugallymlarynyň 21-siniň eserleriniň sergisi guraldy.
08.09.2023
5841
Aşgabatda OGT-2023 halkara maslahata we sergä taýýarlyk dowam edýär
Aşgabatda 2023-nji ýylyň 25 – 27-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» (OGT–2023) halkara maslahata we sergä taýýarlyk dowam edýär.
08.09.2023
54057
Türkmenistanyň neşirýat gullugy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli täze kitaplary neşir etdi
Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä inmeginiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmen döwlet neşirýat gullugy türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň mirasyna bagyşlanan birnäçe kitaby neşir etdi.