08.09.2023
6461
Türkmenistanyň Ilçisi Portugaliýada işe başlady
2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Portugaliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Pariž ş.) M.Çaryýew Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marsel Rebel de Souza öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
07.09.2023
8186
2023-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanda, şeýle-de daşary ýurtlarda şu ýylyň awgustynda geçirilen köpugurly çäreler, dürli derejedäki ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn duşuşyklar — Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, maslahatlar, sergilerdir forumlar ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin amatly şertleri döretmek babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» hem-de halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň aýdyň beýany boldy.
07.09.2023
5066
Awazada Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň balkan tapgyry başlandy
Uzak arakesmeden soň Türkmenistanyň futzal Naýbaşy ligasy 12-nji tapgyryň oýunlary bilen täzeden başlady.
07.09.2023
5491
Türkmenistanda bank ulgamynyň iň döredijilikli zenan işgärleri kesgitlendi
Aşgabatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan guralan «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.
07.09.2023
5012
Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
Şu gün, 2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.
07.09.2023
5718
Ylham gözýetimleri: Aşgabatda Gülşat Annamyradowanyň şahsy sergisi açyldy
2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistan Suratkeşler birleşiginiň agzasy Gülşat Annamyradowanyň şahsy sergisi açyldy. Suratkeş Gülşat Annamyradowa Köpetdag etekleriniň we Garagum sährasynyň gözýetimden aşyp gidýän alaňlarynyň gözellikleriniň suratyny çekýär.
07.09.2023
5640
Türkmenistan Sinandali aýdym-saz festiwalyna gatnaşýar
2023-nji ýylyň 31-nji awgustyndan 10-njy sentýabry aralygynda Gruziýada 5-nji Sinandali klassiki aýdym-saz festiwaly geçirilýär.
07.09.2023
6198
Rus sirkiniň artistleriniň Balkanabatdaky çykyşy we ýurdumyzda geçiriljek medeni çäreler
10-njy sentýabrdan Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Wernadskiý prospektindäki Uly Moskwa döwlet sirkiniň we Swetnoý Bulwardaky Nikulin sirkiniň artistleriniň çykyşlary başlanýar. Sirkiň artistleriniň çykyşlary «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sahnasynda bolar.
07.09.2023
7075
Gülnäz Rozykulowanyň doglan gününe bagyşlanan sergi
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde Gülnäz Rozykulowanyň ýubileý sergisiniň açylyş dabarasy boldy.
07.09.2023
5709
«Derýaplastik» hususy kärhanasynyň önümleri «Aquatherm Almaty – 2023» sergisinde görkezildi
Plastmassa önümlerini we suw üpjünçiligi ulgamlarynda ulanylýan turbalary öndürýän öňdebaryjy «Derýaplastik» kärhanasy 6-njy sentýabrdan 8-nji sentýabr aralygynda Gazagystanda geçirilýän ýyladyş, suw üpjünçiligi, santehniki enjamlar, sowadyjylar ýaly öý we senagat enjamlarynyň «Aquatherm Almaty – 2023» 15-nji Halkara sergisine gatnaşýar.