Wakalaryň jümmüşinde
16.06.2024
4610
Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyna gelen hat
Iberen hatyňyz hem-de agtyjagyňyz Aýjereniň taýýarlan sowgady üçin hoşallygymy bildirýärin. Panda gurjajygyny şekillendirýän bu ajaýyp we nepis el işi maňa örän ýarady.
16.06.2024
3763
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi musulman dünýäsiniň mukaddes baýramlarynyň biri bolan mübärek Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadymy döwürlerden bäri ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň hem-de ruhy päkligiň dabaralanmasyny alamatlandyrýan bu baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösýän eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bereket getirsin, bagtyýar durmuşymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrsyn!
15.06.2024
4861
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.
14.06.2024
5380
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
14.06.2024
5190
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, konstitusion gurluşynyň, goranmak ukybynyň, döwlet serhetlerimiziň mizemezliginiň, ýurt howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň, milli kanunçylygymyzyň we hukuk tertibiniň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin ýokary serkerdeler düzümini hem-de işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany, hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlap, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz we zähmet ýoluna gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
12.06.2024
7150
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Sizi Ylymlar güni, şeýle hem bu baýram mynasybetli geçirilýän “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ylymlar gününe bagyşlanan baý mazmunly çäreleriň alymlaryň tagallalaryny ylmyň möhüm we geljegi uly ugurlaryna gönükdirmekde, özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn.
12.06.2024
4567
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine, ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
12.06.2024
5453
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Narendra Modä Hindistanda geçirilen ählumumy parlament saýlawlarynda ýolbaşçylyk edýän Hindistanyň Halk partiýasynyň ýeňiş gazanmagy we onuň Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
12.06.2024
3670
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünlikleriňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
11.06.2024
3470
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler hem-de işewürlik maslahatyna gatnaşdylar
Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy.