Wakalaryň jümmüşinde
11.12.2023
6819
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi.
11.12.2023
4725
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Däp bolşy ýaly, biz Täze ýylyň öň ýanynda daşary syýasat ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemini jemlemek, geljekde öňde duran wezipeleri kesgitlemek üçin duşuşýarys. Bu işlerde Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan hem-de “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alýarys.
11.12.2023
7706
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de bütin dünýäde uly ähmiýetli waka bolan Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
11.12.2023
6076
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebit býurosynyň direktoryny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiçi kabul etdi.
11.12.2023
5355
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrýan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan, parahat, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
11.12.2023
4534
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegi we ýurduňyzyň ähli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlylygy parahatçylyga hem-de syýasy hyzmatdaşlyga garşy dürli wehimleriň döreýän häzirki şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedir.
11.12.2023
4801
Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Hawýer Herardo Mileýe Argentina Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
09.12.2023
7064
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman megapolisi bolan Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, gurluşyk üçin niýetlenen ýer bölekleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
08.12.2023
7034
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
08.12.2023
12157
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi Türkmenistanyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Size merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen bedewlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de kämilleşdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.