D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty we Türkmen döwlet maliýe instituty Waýoming uniwersiteti (University of Wyoming, UW) bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşdylar.
Bu resminamalara 24-nji oktýabrda türkmen wekiliýetiniň ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Laramide Waýoming uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekildi. Ähtnamalar ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk esasyny berkidip, iki ýurduň uniwersitetleriniň, kollejleriniň hem-de ylmy-barlag merkezleriniň kooperasiýasyny ösdürmek maksady bilen 2023-nji ýylda gol çekilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hökümetara ylalaşygyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy.
ABŞ-nyň ýokary okuw mekdebinde bolan bu ähmiýetli wakanyň öňüsyrasynda, ylym we bilim ulgamynda iki taraplaýyn anyk gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen birnäçe çäreler geçirildi.
Günüň birinji ýarymynda bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirilip, bilelikdäki okuw ugurlary we akademiki alyşmalary işe girizmek, bilelikde okatmak we materiallary alyşmak, şeýle hem ylalaşyklary degişli ähtnamalara geçirmek üçin uniwersitetiň sanly okuw gurşawyny (WyoCourses/Canvas) peýdalanmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra Waýoming uniwersitetiniň Işewürlik kollejinde gepleşikler geçirildi. Türkmen wekiliýetine okatmagyň amaly mümkinçilikleri: bazar seljermesi beýan edilen diwarlyklary bolan söwda-barlaghanasy, «talyp gaznasynyň» nusgasy (okuw maksatlarynda anyk maglumatlara esaslanyp we anyk maliýe jogapkärçiligi bilen iş alyp barmak usullaryny düzmek), şeýle hem işewürlik-seljermesi, hasaplamalar hem-de blokçeýn-tehnologiýalar boýunça okuwlar we taslamalar görkezildi. Taraplar mugallymlar üçin bilelikdäki gysga möhletli okuwlary, talyplar üçin taslama ýumuşlarynyň bilelikdäki işlenip taýýarlamalaryny hem-de netijelerini soňra okuw meýilnamalaryna goşmak bilen sanly aktiwler we maliýe serişdeleri boýunça ugurdaş kiçi modullary ara alyp maslahatlaşdylar.
Mugallymçylyk ugry boýunça mejlisiň dowamynda iki ýurduň wekilleri hyzmatdaşlygyň aşakdaky ugurlaryny kesgitlediler: dil taýýarlygy (akademiki iňlis dili), inklýuziw bilim, mekdebe çenli we başlangyç pedagogikanyň döwrebap çemeleşmeleri, «synp-synpa» diýen bilelikdäki onlaýn-okuwlar, myhmanlaryň umumy sapaklary we tomusky mekdepler. Bogun ölçeglerini bir nusga getirmegiň üstünde işlemek, usulyýet serişdeleri alyşmak hem-de bilelikde okatmak we geçilenleriň özleşdirilişine gözegçilik etmek üçin UW-niň sanly ulgamyny düzmek ylalaşyldy.
Soňra Türkmen döwlet maliýe institutynyň we D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Waýoming uniwersitetiniň degişli bölümleri bilen ugurdaş gepleşikler geçirildi.
UW Global topary bilen jemleýji duşuşyk özara gatnaşyklaryň indiki çärelerini ylalaşmaga, aragatnaşyk saklajak adamlary bellemäge we «ýol kartalarynyň» çäklerini kesgitlemäge bagyşlandy.
Hususan-da, geljekki akademiki semestrde ilkinji çäreleriň: işewürlik-seljermesi/maliýe sowatlylygy we blokçeýn-toplumlar boýunça gysga okuwlaryň, dil taýýarlygy we inklýuziw pedagogika boýunça COIL-okuwlaryň, şeýle hem mugallymlary alyşmak we tomusky mekdepler boýunça «ýol kartalarynyň» işlenilip taýýarlanylmagynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Taraplar anyk netijeleri gazanmagy hem-de üstünlikli çözgütleri has-da giňeltmek üçin bilelikdäki taslamalary öňe ilerletmegiň netijelidigi barada maglumatlary yzygiderli alyşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar.