Ï Alymlar Türkmenistanyň Aral ýakasynda geobotaniki barlaglary geçirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Alymlar Türkmenistanyň Aral ýakasynda geobotaniki barlaglary geçirdiler

view-icon 2270
Alymlar Türkmenistanyň Aral ýakasynda geobotaniki barlaglary geçirdiler
Alymlar Türkmenistanyň Aral ýakasynda geobotaniki barlaglary geçirdiler
Alymlar Türkmenistanyň Aral ýakasynda geobotaniki barlaglary geçirdiler
Alymlar Türkmenistanyň Aral ýakasynda geobotaniki barlaglary geçirdiler
camera-icon
Pirli Kepbanow

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Aral ýakasynda geobotaniki barlaglary geçirdiler.

Ýazda we güýzde ýagyşly möwsümlerde emele gelýän ot ösümliklere, ak we gara sazak ýaly agaç görnüşli ösümlikleriň birýyllyk baldaklaryna, şeýle hem antropogen we tebigy howa ýagdaýlarynyň hem-de Aralyň Garagumuň ekoulgam ýagdaýyna edýän täsirine baha berildi.

Barlag toparynyň agzasy Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň tokaýlar we öri meýdanlary barlaghanasynyň müdiri Guwanç Atahanowyň habar bermegine görä, gözden geçirilen meýdanlar biogen faktorlara duýgur bolan, ýagny howanyň üýtgemegi bilen beýleki tebigy gurşawlara garanda çalt zaýalanýan çägeli massiwleri öz içine aldy. Barlag toparynyň agzalary Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Laýla we Topalakly sardobalara ýakyn ýerleşýän öri meýdanlaryny, Zaunguz (demirgazyk) Garagumuň çäklerine baryp gördüler. Bu ýerde sazak garyşykly ak sazakly ösümlikleri, toýunly takyrlaryň, çagylly we gyrly toprakly pesliklerde bolsa ojarly gara sazakly ösümlik toplumy giňden ýaýrandyr. Lebap welaýatynda bolsa suwarylýan we goýun sürülerine düşelge ýerleri bolup hyzmat edýän Täze tutly, Tally, Täze ojarly guýularyň we Farhat sardobanyň golaýyndaky Dänew etrabynyň öri meýdanlary gözden geçirildi. Işiň maksady uzak wagtlap dowam eden gurakçylyk, antropogen täsirler bilen baglanyşykly güýzki öri meýdanlarynyň ýagdaýyna baha bermek, çölde ýaýran öri meýdanlarynyň iýmit goruny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Bu ýerler agyr howa şertleri bilen tapawutlanýar we iýmit gorlary boýunça pes hasylly bolmagynda galýar. Şeýle-de, Zaunguzyň günorta we gündogar çäklerinde minerallaşdyran suwuň kabul ederlikli bolan guýularyň giň ulgamy bar bolsa, günbatar öri meýdanlary suw bilen üpjünçiligi pesdir we ýerli çopanlar sardoblaryň – emeli suw gorlarynyň, şeýle hem takyrlaryň pesliklerinde emele gelýän suw howdanlarynyň suwlaryny ulanmaga mejbur bolýarlar. Olaryň ulanma ýagdaýy uzak aralykly maldarçylygy ösdürmek, belli bir mukdarda goýun we düýe saklamak üçin esasy bolup durýar.

Barlaglar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Ählumumy ekologiýa gaznasy tarapyndan ýerleriň zaýalanmagynyň deňagramlylygy ýörelgesini öňe sürmegiň çäklerinde goldanýan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» atly taslamasynyň çäklerinde guraldy.