Ï Türkmenistanda kartografiýa boýunça I internet-olimpiada geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda kartografiýa boýunça I internet-olimpiada geçiriler

view-icon 1182
Türkmenistanda kartografiýa boýunça I internet-olimpiada geçiriler

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kartografiýa boýunça I internet-olimpiadanyň geçiriljekdigini yglan etdi.

Institutyň geodeziýa kafedrasy bäsleşigiň guramaçysy bolup çykyş edýär.

Olimpiada gatnaşmaga taýýarlygyň dürli ugurlary we hünärleri boýunça bilim alýan ähli gyzyklanma bildirýän talyplar çagyrylýar. Her ýokary okuw mekdepden bäşden köp bolmadyk talyplar goýberilýär.

Bäsleşik 17-nji dekabrda 15:00-da  şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Oňa gatnaşyjylara 50 sowaldan ybarat bolan test synagyny geçmek teklip ediler.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň işleriniň netijeleri toplanan utuklaryň jemi boýunça kesgitleniler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça oňa gatnaşanlaryň arasynda jemi 9 sany – iki I, üç II we dört III baýrakly orunlar berler. Bäsleşikde tapawutlanan talyplar üçin höweslendiriji baýraklar göz öňünde tutuldy.  

Olimpiadada çykyş etmek isleýänler  tdbgi.kartografiya@gmail.com elektron salgysyna gatnaşjak talyplar we olaryň ýolbaşçysy barada maglumatlary 10-njy dekabra çenli ibermelidirler. Gatnaşmaga haýyşnamalary resmileşdirmegiň hem-de olimpiadanyň geçirilişiniň düzgünleri baradaky giňişleýin maglumatlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda ýerleşdirilendir.

Goşmaça maglumatlary +99361669421; +99312281840 telefon belgilerine jaň edip alyp bolar.

Talyplaryň bäsleşigi zehinli, ukyply, giňden pikirlenip bilýän ýaşlary ýüze çykarmaga we höweslendirmäge, talyplaryň taýýarlyk derejesini kesgitlemäge, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmäge we çuňlaşdyrmaga, döredijilik işjeňliklerini artdyrmaga, tankydy pikirlenişlerini, özbaşdak işlemek başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda özara peýdaly ylmy maglumatlary alyşmaga gönükdirilendir.

Olimpiada «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenilen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilýär.