Ï Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby «Türki halklaryň iň oňat talyby» diýen halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby «Türki halklaryň iň oňat talyby» diýen halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy

view-icon 1695
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby «Türki halklaryň iň oňat talyby» diýen halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäri boýunça IV talyby Zyýada Ýusupowa «Türki halklaryň iň oňat talyby» diýen halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy. 

Halkara bäsleşigiň eminleri türki halklaryň ýaşlar syýasaty babatda türkmen talyp gyzynyň üstünligine ýokary baha berdiler. Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkmenistanyň talyby I derejeli Diplomyň, döşe dakylýan nyşanyň we halkara bäsleşigiň kubogyna eýe boldy. 

Ýaşlar syýasatynyň ösüşine şahsy goşandy hem-de abraýly bäsleşikde üstünlikli çykyşy netijesinde Türkmenistanyň talyby türki halklaryň iň oňat talyplarynyň hataryna ynamly goşuldy. 

Zyýada bäsleşige onlaýn görnüşde gatnaşdy. Bäsleşik Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirildi we «Bilim-orkenieti» milli innowasion ylmy-barlag merkezi tarapyndan «Žana Kazakhstan» respublikan innowasion merkez bilen bilelikde guraldy.