Ï Moris Rowel: «Men saz bilen pikir edýärin»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Moris Rowel: «Men saz bilen pikir edýärin»

view-icon 1183
Moris Rowel: «Men saz bilen pikir edýärin»
Moris Rowel: «Men saz bilen pikir edýärin»
Moris Rowel: «Men saz bilen pikir edýärin»
Moris Rowel: «Men saz bilen pikir edýärin»
Moris Rowel: «Men saz bilen pikir edýärin»
Moris Rowel: «Men saz bilen pikir edýärin»
camera-icon
Ýusup Türşekow

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda meşhur fransuz kompozitory Moris Roweliň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Konsert Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy, Fransuz instituty we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan «Bouygues Turkmen» kompaniýasynyň goldawy bilen guraldy. 

Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Filipp Merlen, XX asyryň görnükli fransuz kompozitorynyň döredijiligine gyzyklanma bildirýän tomaşaçylara hoşallyk bildirdi. Özüni «Men saz bilen pikir edýärin» diýip häsiýetlendirýän kompozitoryň eserleriniň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan ýokary derejede ýerine ýetirilmegi netijesinde diňleýjileriň konsertden lezzet aljakdygyna ynam bildirildi.

Agşamky konsert «Infantyň ölümi üçin pawana» diýen eser bilen açyldy. Roweliň döredijilik mirasy sany boýunça azdyr, ýöne örän gymmatlydyr. Sazşynazlar onuň döredijilik usulyny sazyň impressionizmi hökmünde häsiýetlendirýärler — her bir eserinde öwüşginli, baý ses boýaglary duýulýar. «Infantyň ölümi üçin pawana» Roweliň iň gowy eserleriniň biridir. Ýerine ýetirilen saz eseri diňleýjiler tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy.

«Orkestrli Fortepiano üçin sol-mažor konserti» ýerine ýetirilende Türkmenistanyň at gazanan artisti, ussat pianinoçy Wladimir Mkrtumow sazandarlyk etdi. Fortepiano düwmelerinden hiç hili başga bir saza meňzemeýän özboluşly saz, gün şöhlesinde şöhlelenip akýan dag çeşmesi ýaly çalynýardy. Konsertiň iň esasy çykyşy – Moris Roweliň dünýä meşhur eseri «Bolero» boldy. Dartgynly eşidilýän şol bir saz eseri birnäçe gezek gaýtalanyp, eseriň täsirini barha güýçlendirdi. Bu eser arkaly Moris Rowel sazyň täze mümkinçiliklerini açyp görkezdi.

Döwlet simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory Resul Gylyjow diňleýjilere ýüzlenip, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Moris Roweliň aýdym-saz dünýäsine syýahat etmegi Türkmenistanyň medeni durmuşynda taryhy wakalaryň biri hasaplaýandygyny aýtdy.