Ï Şopeniň ajaýyp sazlary ýaňlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şopeniň ajaýyp sazlary ýaňlandy

view-icon 921
Şopeniň ajaýyp sazlary ýaňlandy
camera-icon
Ýusup Turşekow

Dünýä derejesindäki polýak pianinoçysy Woýçeh Waleçekiň haýyr-sahawat konserti Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Ol Romantik saz mekdebiniň ajaýyp wekili Fridrih Şopeniň 1-nji konsertini ýerine ýetirdi.

Tomaşaçylar pianinoçynyñ sahna çykmagyny el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Woýçeh Waleçek konserti Günbatar Ýewropa sazandalarynyň eserlerine syýahat etmekden başlady. Isaak Albenis, Wolfgang Amadeý Mosart, Ferens List, Nikkolo Paganini – olaryň ebedi eserleri ussatlyk bilen ýaňlandy.

Pianinoçy Frederík Şopeniň 1-nji fortepiano konsertini ýerine ýetiren wagty oňa Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary hem goşuldy, olara Resul Gylyjow ýolbaşçylyk etdi. Şopeniň özüne mahsus bolan näzik, nepis sazy polýak kompozitoryň duýgular dünýäsini beýan edip, zaly täsin duýgylar bilen gurşady. Käbir pursatlarda pianinoçynyň owazy orkestr tarapyndan dowam etdirilip, giň derýa ýaly joşgunly sazy emele getirýärdi.

Tomaşaçylar Woýçeh Waleçeki şowhunly el çarpyşmalar bilen sahnadan uzak wagtlap göýbermediler. Soňra pianinoçy Şopeniň 2-nji nokturnyny ýerine ýetirdi.

Dirižýor Resul Gylyjow we pianinoçy Woýçeh Waleçek üstünlikli çykyş bilen biri-birini gutladylar.

Konsertden soň polýak pianinoçysy bilen söhbetdeş bolduk:

– Simfonik orkestriň sazandalary bilen bilelikde çykyş etmegi nähili bahalandyrýaňyz?

– Örän ussatlarça ýerine ýetirilen çykyş boldy. Bu, esasan hem, meniň çykyşyma we sazandalaryň çykyşlaryna şeýle duýgur garaýan dirižýor Resul Gylyjowyň goşandydyr.

– Biziň tomaşaçylarymyzy haladyňyzmy?

– Ajaýyp! Men her bir diňleýji üçin aýratyn ýerine ýetirýän ýaly boldum we zalyň ümsümliginde Şopeniň sazyna bolan uly gyzyklanmany duýdum. Diňe taýýarlykly tomaşaçylar sazy şeýle kabul edip bilerler.

– Şopen siziň iň gowy görýän sazandaňyzmy?

– Polşada ähli sazandalar Şopeniň eserlerini ýerine ýetirip bilýärler, şoňa görä-de men köplenç Listiň eserlerini ýerine ýetirmegi makul bildim.

– Şopeniň haýsy eserini gowy görýärsiňiz? 


– “Polonez-fantaziýa”.

Ýene bir gezek ýurdumyza konsert bilen gelmegi meýilleşdirýärsiňizmi?

– Uly höwes bilen, çagyrsaňyz…

Konsert Ýewropa Bilelişiginiň Aşgabatdaky wekilhanasynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen gurnaldy.