Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby Nurýagdy Baýryýew «Türki halklarynyň iň gowy talyby» diýen halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyby bäsleşige sanly ulgam arkaly gatnaşdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça türki halklarynyň ýaşlar syýasatyny ösdürmek babatda gazananlary we hyzmatlary üçin Nurýagdy Baýryýew I derejeli Diplom, döşe dakylýan nyşan hem-de halkara bäsleşigiň kubogy bilen sylaglandy.
Bäsleşik Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirildi. «Bilim-orkenieti» milli innowasion ylmy-barlag merkezi «Žana Gazagystan» respublikan innowasion merkezi bilen bilelikde halkara bäsleşigiň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Ozal biz Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäriniň 4-nji ýyl talyby Zyýada Ýusubowanyň hem «Türki halklarynyň iň gowy talyby» diýen halkara bäsleşigiň ýeňijileriniň hataryna goşulandygyny habar beripdik.