26-njy noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Mümkinçilikler we ylym-bilim ulgamyna sanly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat geçirdi.
Çärä Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary, talyplary, ugurdaş kompaniýalarynyň, ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahat Hytaý, Russiýa, Ýaponiýa, Malaýziýa, Germaniýa, Gazagystan, Italiýa, BAE, Indoneziýa, Pakistan, Awstriýa, Eýran, Rumyniýa, Azerbaýjan, Belarus, Gruziýa, Täjigistan, Özbegistan, Ermenistan, Panama, Iordaniýa we Türkmenistan bilen birlikde, 22 ýurtdan 1500-e golaý adamy bir ýere jemledi.
Maslahat başlanmazdan öňürti, oňa gatnaşyjylar uniwersitetiň baş binasynda ýaýbaňlandyrylan ugurdaş mazmunly sergi bilen tanyşdylar. Myhmanlara öňdebaryjy sanly çözgütler, okatmagyň interaktiw serişdeleri we bilim maksatnamalary görkezilip, olar türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň işlerini hem-de üstünliklerini beýan etdi.
Soňra halkara forumyň açylyş dabarasy boldy. Çäre umumy mejlis bilen dowam edip, oňa gatnaşyjylar 30-dan gowrak ylmy hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Soňra maslahatyň işi aşakdaky bölümçelerde guraldy: «Bilim ulgamynda sanlylaşdyrmak we sanly tehnologiýalar», «Kiberhowpsuzlyk we emeli aň» hem-de «Durnukly ösüşleri gazanmakda sanly ykdysadyýetiň orny». Maslahatyň üç bölümçelerinde 120-den gowrak mazmunly çykyşlar diňlenildi.
Maslahatyň esasy maksady sanly innowasiýalaryň häzirki ýagdaýlaryny maslahatlaşmakdan, döwrebap tehnologiýalaryň ylyma we bilime ýakynlaşmagynyň mümkinçiliklerini seljermekden, şeýle hem sanlylaşdyrmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat boldy.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, gysga döwürde biziň ýurdumyz innowasion sanly tehnologiýalar ulgamynda ýokary depginli ösüşleri gazandy. Munuň özi ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde mümkin boldy. Şol maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlary ylym-bilim ulgamyna ýokary tehnologiýalara ýakynlaşmak boýunça öňdebaryjy dünýä tejribesini, sanly serişdeleri, programma üpjünçiliklerini hem-de emeli aňy ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Türkmenistanyň halkara guramalar, daşary ýurtlaryň uniwersitetleri, kompaniýalary, ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge hem-de ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmaga hemişe taýýardygy nygtaldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym we bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, onuň innowasion kuwwatyny pugtalandyrmaga hem-de bu ugurda halkara derejesinde özara işjeň hereket etmäge döredilen giň mümkinçilikler we edilýän tagallalar üçin ýurduň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.